BMG: «Dünýäniň ilaty 7,7 milliard adama ýetdi»

  • 06.04.2019 19:02
  • 1.9k+

Dünýäniň ilaty 2019-njy ýylda 7,7 milliard adama ýetdi, 2050-nji ýylda bolsa 9,7 milliarda ýeter. Bular barada BMG-niň Nýu-Ýorkdaky Baş assambleýasynda geçirilen 52-nji sessiýada aýdyldy. Şeýle hem asyryň ahyrynda dünýäniň ilatynyň 11 millard adama ýetip biljekdigi nygtaldy. Bu barada «Atavatan Turkmenistan» habar berýär.

BMG-niň Baş sekretarynyň birinji orunbasary Amina Muhammadyň aýtmagyna görä, soňky 25 ýylda dünýä ilatynyň umumy ýaşaýyş derejesi ep-esli ýokarlandy, eneleriň ölümi bolsa ozalkysyndan 40 göterim azaldy, ynsan ömrüniň dowamlylygy artdy.

“1994 ― 2019-njy ýyllar aralygynda 5 ýaşa ýetmedik çagalaryň heläkçiligi 54 göterim azaldy. Dünýä boýunça ortaça ynsan ömri”  1994-nji ýylda 64,9 ýaş bolan bolsa, 2019-njy ýylda 72,3 ýaşa çenli ýetdi. 2030-njy ýyla çenli bolsa ortaça ömür 74 ýaşa çenli uzar. Köp keselleriň, ençeme döwletlerdäki ýeter-ýetmezçiligiň öňi alyndy” diýlip, BMG-niň hasabatynda aýdylýar.

Hasabatda çaga dogluşynyň kem-kemden azalýandygyna hem üns çekildi. Häzir her enä, ortaça, 2,5 perzentden düşýän bolsa, 2030-njy ýylda 2,4 perzentden düşer.

Häzir Ýewropada 65 ýaşdan uly raýatlar ýurtdaky umumy ilat sanynyň 19 göterimini, Demirgazyk Amerikada bolsa 16 göterimini emele getirýär. 2050-nji ýylda bu göterimler, degişlilikde, 28-e we 23-e çykar.

Häzir dünýäniň ilatynyň 56 göterimi şäherlerde ýaşaýar. Geljekde şäherlileriň sany has hem artar. 2030-njy ýylda biziň 60, 2050-nji ýylda bolsa 68 göterimimiz “şäherli” bolar.

вчера 16:26
3.2k+

Суд в США отменил сбор в $100 тыс. за рабочие визы

Федеральный суд США признал незаконным введенный администрацией Дональда Трампа обязательный платеж в размере 100 тысяч долларов при подаче заявлений на получение виз H-1B. Об этом сообщает CBS News....

вчера 11:13
6.4k+

Белую акулу впервые смогли заснять под водой в Средиземном море

В Средиземном море впервые удалось получить подводные кадры взрослой белой акулы в ее естественной среде обитания. Съемка была сделана во время операции по извлечению так называемых сетей-призраков, сообщила......

вчера 10:55
5k+

«Awtomobil Ulag hyzmaty» объявило набор водителей автобусов и такси

Акционерное общество открытого типа «Awtomobil Ulag hyzmaty» объявило о наборе опытных водителей для работы на автобусах и такси....

вчера 08:53
2.6k+

Учёные испекли хлеб, «вернув к жизни» дрожжи с тела 5300-летней мумии

Учёные испекли хлеб на закваске, созданной с использованием дрожжей, обнаруженных на теле 5300-летней мумии Этци, найденной в итальянских Альпах. Об эксперименте пишет издание Daily Mail...