5-nji aprelde Moskwada Russiýa bilen Türkmenistanyň arasynda halkara maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda ylalaşyga gol çekildi, diýip Trend habarlar agentligi Russiýanyň daşary syýasat edarasyna salgylanyp habar berýär.
Resminama Russiýa Federasiýasynyň we Türkmenistanyň daşary işler ministrler Sergeý Lawrow we Raşid Meredow gol çekdi.
«Bu ylalaşyk Russiýanyň Merkezi Aziýa döwletleri bilen şu ugurdan ilkinji ylalaşygydyr» diýlip, habarda Lawrowyň GDA döwletleriniň daşary işler ministrleriniň sammitiniň işiniň netijeleri boýunça metbugat maslahatynda aýdan sözleri getirilýär.
GDA döwletleriniň daşary işler ministrleriniň indiki mejlisi şu ýylyň 10-njy oktýabrynda Aşgabatda geçiriler.