Öňdebaryjy söwda brendleriniň atlary nähili döräpdir?

  • 28.03.2019 14:04
  • 2.8k+

Kompaniýanyň geljekki üstünlikleriniň onuň adyna baglydygy telekeçilik bilen meşgullanýanlaryň ählisine mälim bolsa gerek. Islendik iri kärhana döredilende oňa at dakmak iň bir çylşyrymly meseleleriň biridir. Şol bir wagtda kähalatlarda tötänlikden ýüze çykan hadysalar hem kompaniýanyň meşhurlygyny artdyryp biljek söwda brendleriniň oýlanyp tapylmagyna getirip biler. Dünýä meşhur iri kompaniýalarynyň käbirleriniň atlarynyň döreýiş taryhyna ser salyp göreliň.

Mysal üçin, bu günki gün dünýäde iň meşhur hem-de iň giň ýaýran Internet gözleg ulgamy bolan Google ilkibaşda BackRab diýlip atlandyrylypdyr. Emma Peýj bilen Brin oýlap tapan gözleg ulgamlarynyň adyny üýtgetmek kararyna gelýärler. Maglumatlaryň ägirt uly mukdaryny işläp taýýarlamaga ukyby bolan gözleg ulgamyny olar ýüz nully «googol» atly san bilen atlandyrmagy makul bilýärler. Ýöne Internet salgy hasaba alnan wagtynda dürs ýazuw ýalňyşlygy goýberilip, ol Google görnüşinde emele gelipdir.

Dünýäde iň gymmat söwda brendi hökmünde hasaba alnan Apple kompaniýasynyň adynyň oýlanyp tapylyşy hem täsindir. Kompaniýanyň esaslandyryjy Stiw Jobs 3 aýlyk netijesiz gözleglerden soňra, kompaniýanyň adyny öz iň eý görýän miwesi bolan almanyň ady bilen atlandyrmagy karar edýär. Görşümiz ýaly, bu at bilen ýaýdan kompaniýanyň önümleri dünýäde iň köp islegden peýdalanylýar.

Elektrik enjamlaryny öndüriji ýene-de bir iri kompaniýanyň — «HP-niň» adyny oýlap tapmak üçin ony esaslandyryjylar Uilýam Hýulet we Dewid Pakkard teňňe zyňýarlar. Netijede olaryň bilelikdäki kärhanasynyň adynda birinji harpyň kimiň familiýasy durmalydygy baradaky mesele çözülýär. Belläp geçsek, bu kärhananyň ilkinji edara binasy Hýuletiň ulag saklanýan ammary bolupdyr.

Kodak amerikan firmasynyň ady ony esaslandyryjy Jorj Istmeniň «K» harpyna bolan söýgüsiniň netijesinde döräpdir. Ol bu harpdan başlap, bu harp bilen hem tamamlanýan gysga sözleri gözläpdir. Bu harpyň dünýäniň ýörgünli elipbiýleriniň ählisinde birmeňzeş ýazylýanlygy ony özüne çekipdir. Netijede Istmen «kodak» diýen sözi tapypdyr. Onuň aýtmagyna görä, 1888-nji ýylda onuň oýlap tapan surata alýan enjamy hut şu söze meňzeş ses edipdir.

Adidas hem-de Puma nemes senagat konsernleriniň atlarynyň hem emele gelşiniň täsin taryhy bar. Geçen asyryň 20-nji ýyllarynda iki dogan — Adolf we Rudolf Dasslerler aýakgap öndürýän kompaniýany esaslandyrypdyrlar. Onuň adyna bolsa Dassler diýip goýupdyrlar. 1948-nji ýylda olaryň sözleri alyşman, aralary bozulýar. Şonda olar işini özbaşdak alyp gitmek hem-de Dassler adyny ulanmazlyk kararyna gelýärler. Adolf öz kompaniýasyny Addas — soňlugy bilen Adidas (Adolf adynyň gysgaldylan görnüşi – Adi Dassler), dogany Rudolf bolsa Ruda — soňlugy bilen Puma diýip atlandyrýar.

Tokiýanyň Mitsubishi maşyngurluşyk kompaniýasy 1870-nji ýyllarda döredilipdir. Onuň söwda nyşany hökmünde üç ýaprakly tugra kabul edilipdir. Bu tugra kompaniýany esaslandyryjy Ýataro Iwasakiniň maşgala nyşany bolupdyr. Netijede bu nyşandan hem «Üç almaz» at oýlanyp tapylypdyr («mitsu» - üç, «hishi» - almaz»). Ondaky «h» sesiniň «b» hökmünde aýdylmasy ýaponlaryň ses gurluşy bilen baglanyşyklydyr.

Nemesleriň awtoulag öndüriji ägirdi Audi kompaniýasynyň ady hem täsindir. Bu söz latynça «Diňläň!» diýen manyny aňladýar. Emma munuň has täsin tarapy — şol bir wagtda bu at kompaniýany esaslandyryjy Awgust Horhuň adynyň latynça aýdylyşydyr. Ony bu hili atlandyrmagy Awgusta hyzmatdaşlarynyň biriniň ogly maslahat berýär. Şol wagtdan bäri hem Volkswagen Group konserniniň düzümine girýän meşhur awtoulag kompaniýasy şular ýaly atlandyrylýar.

сегодня 02:06
125

Власти Франции запретят госслужащим использовать Google Meet и Zoom

Франция планирует запретить государственным служащим использовать американские сервисы для видеоконференций, такие как Google Meet, Zoom и Microsoft Teams. Об этом сообщило издание Politico со ссылкой на представителя французского правительства...

вчера 22:59
4.8k+

«Как йо-йо…»: Трамп прокомментировал колебания доллара

Президент США Дональд Трамп заявил, что не обеспокоен снижением курса доллара и считает, что американская валюта «в порядке». Об этом он сообщил журналистам в Айове, куда прибыл для участия в митинге. По данным агентства Bloomberg, спотовый индекс доллара Bloomberg Dollar Spot Index во вторник снизился на 0,4% и достиг минимального значения с марта 2022 года...

вчера 19:46
4.4k+

Риск на $7 трлн — обвал гособлигаций Японии угрожает всему миру финансовой турбулентностью

Мировая финансовая система сталкивается с новым источником нестабильности из Японии, пишет Bloomberg. Рынок японских гособлигаций объемом $7,3 трлн, долгое время считавшийся безопасным, превратился в центр глобальной волатильности...

вчера 19:24
1.3k+

Число новых iOS-приложений в AppStore резко выросло на 60%, и все из-за ИИ

В App Store зафиксирован резкий рост числа новых приложений после нескольких лет стагнации. По данным Sensor Tower и Wells Fargo Securities, в декабре 2025 года количество новых iOS-приложений увеличилось на 60% по сравнению с тем же месяцем прошлого года...