Howpsuzlyk kemerleri — ömürleriň halasgäri

  • 28.03.2019 13:55
  • 2.6k+

Dürli ýol-ulag hadysalarynyň öwrenilmegi olarda adamlaryň köplenç halatda ulagyň içinde agdarylma ýa-da çaknyşma sebäpli ulag serişdesiniň duýdansyz tizliginiň peselmegi netijesinde şikes alýandygyny mälim etdi. Awtoulagyň hereket edýän mahalynda adam agramynyň toplanýan ägirt uly kinetik energiýasyny peseltmek üçin ulaglaryň gurluşynda ýöriteleşdirilen saklaýjy düzümler göz öňünde tutulandyr.

Howpsuzlyk kemerleri bu köp sanly dürli görnüşli düzümleriň iň ygtybarlysydyr. Daşary ýurtlarda geçirilen köp sanly barlaglar howpsuzlyk kemerlerinden peýdalanylmagynyň dürli ýol-ulag hadysalarynyň getirip biljek zelelini ep-esli peseltmäge mümkinçilik berýändigini görkezdi. Mysal üçin, russiýaly hünärmenleriň geçiren barlaglary ýeňil ulaglarda howpsuzlyk kemerlerini ulanmaýanlara garanyňda, ondan peýdalanýan sürüjileriň we ýolagçylaryň ýaralanýanlarynyň sanynyň 2,4 esse, şonuň ýaly-da, heläk bolýan adamlaryň sanynyň hem 3,7 esse azalandygyny aýan etdi.

Galyberse-de, alynýan şikesleriň häsiýeti-de üýtgedi. Howpsuzlyk kemerini äsgermeýänler, esasan, gapyrgalaryň döwülmegi, beýni sarsgyny, burnuň we äňiň döwülmegi, aýagyň, eliň çanaklyk boýunlarynyň döwülmegi we kelläň, ýüzüň çapylmagy ýaly şikeslere sezewar bolýarlar. Bulardan başga-da, agyr kelle-beýni şikesleri-de az duş gelenok. Şeýle-de, boýun oňurgalarynyň we dürli içki organlaryň howply şikeslerine getirip biler. Şol bir wagtda bolsa, howpsuzlyk kemerleriniň ulanylmagy netijesinde döş kapasasy we oňurga şikesi ýaly (32,2 %), beýni sarsgyny hem ep-esli azaldy (64,4 %). Köplenç halatda ýol-ulag hadysasy netijesinde ýeňil-ýelpaý şikesleriň, köplenç bolsa, el-aýak agyrtmalaryň duş gelýändigi bellenilýär.

Howpsuzlyk kemerleriniň dogry ulanylmagyna-da köp zat baglydyr. Mysal üçin, adamyň teni bilen howpsuzlyk kemeriniň arasynda yşyň galmagy bu ugurdaky ähli aladany puja çykaryp biler. Çünki şol yş 20 santimetr ýa ondan hem uly bolsa howpsuzlyk kemeriniň hiç hili peýdasy ýokdur. Munuň özi her hili betbagtçylykly hadysalaryň üstünden eltip biler.

Adam bilen howpsuzlyk kemeriniň arasyndaky yş, takmynan, 2,5 santimetr bolmalydyr. Kemeriň häki bir göz üçin oklanylmagyna, ildirgije ildirilmezligine ýol berilmeli däldir. Munuň özi-de howply pursatlaryň döremegine getirip biler.

Howpsuzlyk kemerleri, ine, indi tas kyrk ýyl bäri ulanylyp gelinýär. Şu ýyllar içinde olar, gör, näçe adamyny heläk bolmakdan halas etdiler, köp sanly sürüjileriň we ýolagçylaryň saglygyny gorap sakladylar. Howpsuzlyk kemerlerini äsgermezlik etmäliň!

вчера 21:00
1.1k+

SpaceX подала заявку на IPO. Ожидается, что это будет крупнейшее размещение акций в истории

Компания SpaceX Илона Маска конфиденциально подала заявку в Комиссию по ценным бумагам и биржам США на проведение первичного публичного размещения акций (IPO). Об этом сообщило Bloomberg со ссылкой на......

вчера 19:44
2.3k+

BMW iX3 признан автомобилем года по версии World Car Awards на автосалоне в Нью-Йорке

Электрический кроссовер BMW iX3 удостоился титула «Автомобиль года — 2026» по версии премии World Car Awards. Награждение прошло в рамках автосалона в Нью-Йорке....

вчера 19:36
2.2k+

Большинство английских болельщиков выступили против VAR

Большинство футбольных болельщиков в Англии негативно оценивают использование системы видеопомощи арбитрам (VAR). Об этом сообщает The Guardian со ссылкой на данные опроса Ассоциации футбольных болельщиков....

вчера 19:23
4k+

Астрономы спустя более 20 лет решили загадку Сатурна

Учёные объяснили, почему наблюдения показывали изменение скорости вращения Сатурна, хотя это противоречит законам физики....