logo
VIP

Boş iş orunlary

  • 3 sag öň
  • Ашхабад / Мир 4
  • 155

Описание

Kadrlar agentligi “KERWEN” 04.12.2025 ý. ýagdaýyna BOŞ IŞ ORUNLARY: Biziň salgymyz: Mir 4, Söwda we Işewürlik merkeziniň 3-nji gaty. Geleniňizde ýanyňyz bilen bir sany 3x4-lik surat we passport kopiýa getirmeli. Iş wagtymyz 9:00-18:30 çenli. Arakesme 13:00-14:00. Tel: 863-62-22-96, 865-24-28-56, 865-12-48-15 Üns beriň !!! Tehniki Howpsuzlyk Işgär gerek. Gaty Gyssagly !!! Ýurdumyzyň paýtagty gözel şäherimiz Aşgabat şäherinde alynyp barylýan gurluşyga öz goşandyny goşýan iri gurluşyk kärhanasy özüne gaty gyssagly ýagdaýda hünär sertifikaty bolan Tehniki Howpsuzlyk işgär gözleýär. Aýlygy 5000-6000 manat aralygy, degişli hünär sertifikaty hökman bolmaly. Öň işläp gören we iş tejribesi bolmaly. Ýaşy 50 ýaşa çenli bolsa bolýar, propiska soralanok, iş wagty 08:00-dan 18:00 çenli, dynç güni hepdede bir gün. Bu wakansiýa syýahatçylyga höwesi bolan we daşary ýurt dillerini bilýän ýaş oglan we gyzlar, SIZ üçin 2 sany boş iş orny !!! Paýtagtymyzda ýerleşýän uly syýahatçylyk kärhanasy özüne daşary ýurt dillerini bilýän ýagny Rus, Iňlis we Türk dillerini bilýän Ekskursiýaçy we Suratçy gözleýär. Işi örän gyzykly. Daşary ýurtdan gelen syýahatçylaryny ýurdumyzyň we paýtagtymyzyň gözel ýerlerine gezelenç etdirmek we olary surata düşürmek. Aýlygy 3500-4000 manat aralygy, Ýaşy 25-40 ýaş aralygynda bolmaly, aýal-erkek tapawudy ýok. Suratçy FOTOŞOP programmada işläp bilýän bolmaly. Propiska soralanok, iş wagty 09:00-dan 18:00 çenli, dynç güni hepdede bir gün. Mähriban gyz-gelinler, SIZ üçin 5 sany täze boş iş orunlary !!! Paýtagtymyz Aşgabat şäherinde ýerleşýän uly myhman-hanalarymyzyň biri ýaşy 45 ýaşa çenli bolan gyz-gelinlerimizi Tämizçi wezipesine işe çagyrýar. Etmeli işleri agyr däl, iş şertleri ýeňil. Jemi 5 adam gerek ! Aýlygy 2500 manat. Iş wagty 09:00-17:00 çenli, dynç güni hepdede bir gün, propiska soralanok. Bu wakansiýa Medisina Pudagynda işlemek isleýän ýaş gyz-gelinlerimiz üçin !!! Gözel paýtagtymyzda täze gurulyp ulanylmaga berilen hassahanalaryň birine sanitarka we medsestra bolup işlemek isleýän ýaş gyz-gelinlerimizi işe çagyrýar. Medsestra – Aýlygy 2500 manat. Bilimi ýörite orta we ýokary bolmaly, ýaşy 35 ýaşa çenli, propiska Aşgabat bolmaly. Iş wagty smenlaýyn 08:00-15:00 çenli we 15:00-08:00 çenli. Jemi 3 adam alynýar. Sanitarka – Aýlygy 2100 manat. Ýaşy 25 ýaşa çenli, propiska Aşgabat bolmaly. Iş wagty 08:00-15:00 çenli. Jemi 3 adam alynýar. Ýurdumyzyň iň gözel şäheri bolan Arkadag şäherinde alynyp barylýan depginli gurluşygyna öz goşandyny goşýan iri gurluşyk kärhanalarynyň biri özüne gyssagly GARAWUL we BAGBAN gözleýär. Garawul – Aýlygy 3100 manat. Iş ýagdaýy ýatymlaýyn işlemeli. 25-45 ýaş aralygynda bolmaly, propiska soralanok, dynç güni hepdede 1 gün, ýatmak üçin ýer we nahar bilen üpjün edilýär. Bagban – Aýlygy 2500 manat. Iş ýagdaýy ýatymlaýyn işlemeli. 25-45 ýaş aralygynda bolmaly, propiska soralanok, dynç güni hepdede 1 gün, ýatmak üçin ýer we nahar bilen üpjün edilýär. Paýtagtymyzda ýerleşýän özüniň lezzetli tagamlary bilen tanalýan meşhur restoranlaryň birine gijeki smenda işlemek üçin GYSSAGLY şu aşakdaky wezipeler boýunça işgärler gerek. Gorýaçiý powar – Aýlygy 4000-5000 manat gürrüňdeşlikde Powar suşist – Aýlygy 4000-5000 manat gürrüňdeşlikde Ýaşy 20-60 ýaş aralygynda bolsa bolýar, Iş wagty agşam 18:00 dan irden 04:00 çenli, dynç güni hepdede 1 gün. Propiska soralanok. Bu wakansiýa ilkinji gezek işe başlamak isleýän ýaş oglan we gyzlarymyz üçin. Siz üçin uly mümkünçilik. Aýlyk 3000 manat ! Aşgabat şäherinde ýerleşýän uly söwda kärhanasy özüne 3 sany Merçendaýzer işgär kabul edýär. Aýlygy 3000 manat Merçendaýzeryň etmeli işi kärhananyň satýan harytlaryna şäheriň söwda nokatlarynda ýerleşdirilişine gözegçilik etmeli. 18-30 ýaş aralygy rus dilini bilýän bolsa has gowy, iş wagty 09:00-18:00, dynç güni hepdede 1 gün, propiska soralanok. Bu wakansiýa satyjy bolup işlemek isleýänler üçin ! Aşgabat şäheriniň O. Kuliýew ýagny obýezdnoý köçesiniň ugrunda ýerleşýän Lýustra satýan dükany gassagly Satyjy gözleýär. Aýlygy 3000-5000 manat aralygynda gürrüňdeşlikde. Iş tejribesi hökman bolmaly, rusça türkmençe bilmeli, oglan gyz tapawudy ýok, 35 ýaşa çenli bolsa bolýar, propiska soralanok, iş wagty 09:00-19:00 çenli, dynç güni aýda 2 gün. Bu wakansiýa iş tejribesi bolmadyk tejribe gazanmak isleýän ýaş oglan-gyzlar üçin. Siz üçin 3 sany boş iş orny. Paýtagtymyz Aşgabat şäherinde ýerleşýän dünýä belli markalaryň söwdasyny edýän firmasy öz harytlaryny şäheriň söwda nokatlaryna paýlamaga satyş agentlerini işe çagyrýar. Jemi 3 işgär gerek. Aýlygy 3000 manat we goşmaça 5% satyşdan bonus berilýär. Ortaça 5000-6000 manada golaý çykýar. Rusça we türmençe bilseňiz gowy. 20-35 ýaş aralygynda bolmaly. Iş wagty 08:30-18:00 çenli. Dynç güni hepdede bir gün. Propiska soralanok. Bu wakansiýa kompýuter ulgamynda işlemek isleýän we höwesi bolan oglanlar üçin. Siz üçin 4 sany boş iş orny. HOWLUGYŇ ! Bu pursady eliňizden gidirmäň. Paýtagtymyzda ýerleşýän ULY kompýuter we elektronika magazyny şu aşakdaky wezipelere işgär alýar. Kompýuter ussasy – Aýlygy 4500 manat. Iş tejribesi azyndan 1 ýyl bolmaly. Kamera gurnaýjy – Aýlygy 5000 manat. Iş tejribesi azyndan 1 ýyl bolmaly. Satyjy – Aýlygy 5000 manat. Iş tejribesi azyndan 1 ýyl bolmaly. Kömekçi işçi – Aýlygy 3500 manat. Iş tejribesi azyndan 1 ýyl bolmaly. Ýaşy 20-35 ýaş aralygynda bolmaly, rusça we türkmençe bilmeli. Iş wagty 09:00-19:00 çenli, dynç güni hepdede 1 gün. Propiska soralanok. Ýene-de Siz üçin 5 sany boş iş orny !Aşgabat şäherinde ýerleşýän özüniň lezzetli tagamlary bilen tanalýan meşhur restoranlaryň birine şu aşakdaky wezipeler boýunça işgärler gerek. Muçnoý we gorýaçiý powar – Aýlygy 5000 manat. Gril bişirýän powar – Aýlygy 3500 manat. Ofisiant – Aýlygy 2500-3000 . Gaplaýyjy – Aýlygy 2500-3000 manat. Tämizçi – Aýlygy 2500-3000 manat. Ýaşy 20-35 ýaş aralygynda bolmaly, Iş wagty 09:00-19:00 çenli, dynç güni hepdede 1 gün. Propiska soralanok.

Категория : Работа / Предлагаю работу
Место : Ашхабад / Мир 4
Номер телефона : Показать
Ашхабад / Мир 4 / 3 sag öň

Похожие объявления

Boş iş orunlary

Мир 4

şu wagt

Kadrlar agentligi “KERWEN” BOŞ IŞ ORUNLARY: 04.12.2025 Geleniňizde ý...

iş orunlary

Мир 4

düýn

Kadrlar agentligi “KERWEN” BOŞ IŞ ORUNLARY: 01.12.2025 Geleniňizde ý...

boş iş orunlary

Туркменабат

düýn

posuda moyka. powura komekci. sushist ofisantka посуда мойщик. помощни...

Boş iş orunlary

Туркменабат

düýn

Satyjy gyzlar gerek başlangyç aýlyk 2000 manat. PTO ugryndan hünärmen...

Boş iş orunlary

Туркменабат

düýn

Konditer sehinde işlemek üçin işgärler gerek. 18-40 ýaş aralygyndaky e...

Похожие продавцы

RESMI KEPIL
RESMI KEPIL
  • СТРАХОВАЯ КОМПАНИЯ

  • Бизнес профиль
"AK KAGYZ" foto, mekdep we ofis harytlary merkezi.
"AK KAGYZ" foto, mekdep we ofis harytlary merkezi.
  • AK KAGYZ" foto, mekdep we ofis harytlarynyñ giñ toplumyny iñ arzan bahalardan öz müşderilerine hödürleýär. Söwda lomaý we bölekleýin, şeýle hem nagt ýa-da hasapdan hasaba hem amala aşyrylýar. Habarlaşyñ, siz üçin gyzykly bolup biler!

  • Бизнес профиль
YONEKEY - Hytaý Türk Okuw
YONEKEY - Hytaý Türk Okuw
  • Hytaý we Türkiýe uniwersitetlerine kabul boýunça ähli tapgyrlary — resminama, wiza we ýerleşdirme prosesini bir nokatdan doly hyzmat edýäris.

  • Бизнес профиль
SHIRedu & MStour
SHIRedu & MStour
  • Dünyaniň iň ösen yurtlarynyň biri bolan Hytay Halk Respublikasynda Okamak isleseňiz biz bilen habarlaşyp bilersiňiz!

  • Бизнес профиль
CURIOOKIDS "Bilesigeliji Ýaşlar" H.K
CURIOOKIDS "Bilesigeliji Ýaşlar" H.K
  • 6 ýaşdan 14 ýaşa çenli çagalara iňlis dili bilen bilelikde iňlis dilinde tehnologiýa, döredijilikli dizaýn, telekeçilik ukyby ugurlary hem öwredilýär.

  • Бизнес профиль