Huawei 2020-nji ýylyň III çärýeginden bäri ilkinji gezek çärýek girdejisini ýokarlandyrdy

  • 13.08.2022 13:48
  • 6408
Huawei 2020-nji ýylyň III çärýeginden bäri ilkinji gezek çärýek girdejisini ýokarlandyrdy

Hytaýyň Huawei Technologies Co. kompaniýasy 2020-nji ýyldan bäri ilkinji gezek çärýek girdejisini ýokarlandyrdy. Kompaniýanyň girdejisi 2022-nji ýylyň ikinji çärýeginde 170,6 mlrd ýuan ($25,5 mlrd) boldy, bu bolsa bir ýyl ozalkydan 1,4% köpdür diýip, CNBC Huawei-niň ýarymýyllyk hasabatynyň maglumatlary boýunça hasaplady. Bu barada interfax.ru belleýär.

Birinji çärýekde kompaniýanyň girdejisi tas 14% azaldy. Görkeziji ABŞ-nyň sanksiýalary netijesinde 2020-nji ýylyň üçünji çärýeginden bäri yzygiderli peselýärdi. 2021-nji ýylda Huawei-niň ýyllyk girdejisi 28,5% azalyp, kompaniýanyň taryhynda ilkinji gezek otrisatel ösüşi görkezdi. 
Ýanwar – iýun aýlarynda kompaniýa 301,6 mlrd ýuan möçberinde girdeji aldy, bu bolsa geçen ýyla garanyňda 5,9% azdyr. Arassa girdeji tapawudy 5% boldy.
Bulut we B2B hyzmatlary segmentinde girdeji hasabat ýarymýyllygynda 28% ýokarlanyp, 54,7 mlrd ýuana ýetdi. Telekommunikasion infrastruktura segmentinde görkeziji 4% ýokarlanyp, 142,7 mlrd ýuan boldy.
Smartfon satýan bölümçäniň girdejisi 25% azalyp, 101,2 mlrd ýuan boldy.
Ýarymýyllyk netijeler kompaniýanyň çaklamalary bilen gabat geldi diýip, Huawei metbugat relizinde belledi.


09.05.2024 11:19
24543

Dünýäniň iň baý adamlary haýsy şäherleri saýlap alýarlar?

Halkara konsalting kompaniýasy New World Wealth analitik kompaniýasy bilen bilelikde şu ýylda “dünýäniň iň baý şäherleriniň” reýtingini düzdi. Sanawda şäherler ýaşaýan millionerleriň, sentimillionerleriň we milliarderleriň...

30.04.2024 10:12
6296

Honor 2024-nji ýylyň birinji çärýeginde Hytaýda iň geçginli smartfon boldy

Honor brendi 2024-nji ýylyň birinji çärýeginde Hytaýyň smartfon bazarynyň lideri boldy. Muňa IDC analitiki kompaniýasynyň hasabaty şaýatlyk edýär. Birinji çärýekde Hytaýda smartfon satuwy 69,3 mln birlige ýetip...

29.04.2024 15:24
7375

iPhone satuwy soňky alty ýylda iň pes derejäni görkezdi

Consumer Intelligence Research Partners (CIRP) portalynyň analitikleri ABŞ-da iPhone satuwynyň 33%-e çenli peselendigini hasaba aldylar. Bu soňky alty ýylyň içinde iň pes görkezijidir diýip, Appleinsider neşiri...

27.04.2024 22:53
7793

Hytaýda iPhone 15-iň bahasy 7 aýda 25% arzanlady

Hytaýda iPhone 15 çykandan bäri ýedi aýyň içinde onuň ýurtdaky bahasy 25% arzanlady. Häzir onuň 128 Gb ýady bolan esasy modeliniň bahasy 620 dollar, başlangyç bahasy 830 dollardy diýip, ITHome-e salgylanýan IXBT...