Bitkoin geçen aýdan bäri ilkinji gezek 22 müň dollardan geçdi

  • 20.07.2022 09:28
  • 6.1k+

Dünýäde has meşhur hasaplanýan kritpowalýuta bolan bitkoiniň bahasy iri gaznalaryň bazaryndaky gymmatlaýşyň täsiri bilen, iýunyň ortalaryndan bäri ilkinji gezek 22 müň dollardan geçdi diýip, Interfaks ýazýar.

Kraken biržasynyň maglumatlaryna görä, bitkoiniň kursy 5,8% - 22, 147 müň dollara çenli galdy.
Meşhurlygy boýunça ikinji ýerde durýan efiriň bahasy 11,3% - 1496 dollara çenli göterildi.

"Töwekgel hususy serişdeler babatynda Uoll-stritiň çalaja silkinen işjeňliginiň netijesinde bitkoin 20 müň dollardan geçip, öňki kaddyna geldi" - diýip, Oanda dellalçylyk kompaniýasynyň seljerijisi Edward Moýa ýazdy.

Amerikanyň gazna indeksleri geçen anna güni aýdaky aňrybaş ösüşini tamamlady we edil ýewropanyň paýnamalary ýaly, duşenbe gününe geçip ösüşini dowam edýär.


05.11.2025 12:02
4.3k+

Bitkoiniň bahasy 100 müň dollardan aşak düşdi

5-nji noýabrda söwdalaşyklaryň barşynda bitkoin kriptowalýutasynyň bahasy 100 müň dollardan aşak düşdi. Muňa Binance kriptobiržasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär. Gije Aşgabat wagty bilen 01:18-de esasy kriptowalýutanyň bahasy 99600 dollar çenli düşdi...

18.10.2025 22:51
5.4k+

Bitkoin 105 müň dollardan aşak düşüp, maýadarlary millionlarça dollardan mahrum etdi

Bitkoin birden arzanlap, iýun aýyndan bäri ilkinji gezek 104 müň dollardan aşak düşüp, 103 790 dollar görkezijisine ýetdi. Şol sebäpli biržalar bir günde treýderleriň 1,2 mlrd dollarlyk şertnamalaryny awtomatik ýagdaýda ýapdy diýip, Bloomberg habar berýär...

19.08.2025 18:12
2.8k+

Bitkoin 124 müň dollara ýetenden birnäçe gün soň 115 müň dollara düşdi

Bitkoiniň bahasy geçen hepde rekord 124 496 dollara ýetenden soň, 2% - 115 527 dollara çenli pese düşdi diýip, CNBC habar berdi. Duşenbe güni söwdalaryň dowamynda ol 114 706 dollara çenli peseldi. Öz gezeginde, Ethereum 4%, 4290 dollara çenli arzanlady...

15.08.2025 18:46
1.5k+

Blue Origin kosmos uçuşlary üçin tölegleri kriptowalýutada kabul edip başlady

Amazon-yň esaslandyryjysy Jeff Bezos tarapyndan döredilen we kosmos gözlegleri bilen meşgullanýan Blue Origin kompaniýasy kosmos uçuşlary üçin töleg hökmünde kriptowalýuta kabul edip başlady. Bu barada kompaniýanyň şeýle tölegleri amal etjek Shift4-den kripto-hyzmatdaşlary habar berdi...