В Ашхабаде проходит Международная научная конференция

  • 13.06.2022 10:32
  • 6.1k+

12-nji iýunda Aşgabatda “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar” atly halkara ylmy maslahat öz işine başlady. Ol ýurdumyzda giňden bellenilýän Ylymlar güni mynasybetli geçirilýär.

Halkara maslahatyň açylyş dabarasy döwletimiziň aň-paýhas we ylmy-tehniki mümkinçilikleriniň ösüş sütünleriniň biri bolmak wezipesi ýüklenen, öňdebaryjy ylym-bilim merkezi bolan Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde geçirildi. Uniwersitetiň eýwanynda täzeçil taslamalara we häzirki zaman tehnologiýalaryna bagyşlanan sergi guraldy. Onda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ylmy-barlag institutlarynyň täze işläp taýýarlamalary görkezildi.
Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň mejlisler zalynda açylan maslahata ýurdumyzyň belli alymlary, Ylymlar akademiýasynyň ugurdaş institutlarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň ýaş ylmy barlagçylary, ylmy jemgyýetçiligiň wekilleri gatnaşdylar. Şeýle hem oňa sanly ulgam arkaly dünýäniň 20 ýurdunyň ylmy düzümleriniň wekilleri goşuldylar. Şolaryň hatarynda Azerbaýjan, Belarus, Ermenistan, Wengriýa, Germaniýa, Gruziýa, Eýran, Gyrgyzystan, Litwa, Hytaý, Russiýa, Koreýa Respublikasy, Özbegistan we beýlekiler bar.
Bu gezekki forumyň gün tertibine ylmy barlaglaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça özara gatnaşyklar, täze tehnologiýalary işläp taýýarlamak we olary ulanmak meseleleri girizildi. Maslahatyň dowamynda sanly ulgam arkaly Belarus Respublikasynyň Milli Ylymlar akademiýasynyň prezidiumynyň başlygy, akademik Wladimir Gusakow, Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň wise-prezidenti, akademik Andreý Adrianow, Gruziýanyň Milli Ylymlar akademiýasynyň prezidenti, akademik Georgiý Kwesitadze, Gyrgyz Respublikasynyň Milli Ylymlar akademiýasynyň prezidenti, akademik Myrat Jumataýew we beýlekiler gutlag sözleri bilen çykyş etdiler.
Çykyş edenler bilimiň dürli ugurlaryny ösdürmäge gönükdirilen möhüm meselelere degip geçdiler we öz geçiren ylmy barlag işleri barada maglumat berdiler. Şeýle hem halkara ylmy-tehniki hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary, ýokary tehnologiýaly önümçilikleri döretmekde, durmuş ulgamynda sanly tehnologiýalary ulanmakda, umumy akademiki binýady döretmekde we sebit möçberinde hem-de has giň derejede ylmy-tehniki wezipeleri çözmek üçin hyzmatlar ulgamyny emele getirmekde toplanan tejribeler barada aýtdylar.
Halkara maslahat şu gün öz işini birnäçe ugurlar boýunça dowam eder.


вчера 23:37
1.3k+

Ученые уточнили возраст древнейшего кратера на Земле

Исследователи из Университета Кертина и Геологической службы Западной Австралии пришли к выводу, что возраст древнейшего известного кратера на Земле составляет около 3 млрд лет....

вчера 15:40
1.6k+

«Джеймс Уэбб» объяснил необычный розовый оттенок экзопланеты GJ504b

Космический телескоп «Джеймс Уэбб» помог установить причину необычного розового оттенка экзопланеты GJ504b, расположенной примерно в 57 световых годах от Земли....

24.06.2026 17:37
2.3k+

Физики запустили первый прототип ядерных часов: они изменят представления о времени

Международная группа физиков впервые продемонстрировала работу первых в истории ядерных часов. В отличие от существующих атомных стандартов, новое устройство измеряет время не по колебаниям электронов, а по......

24.06.2026 08:02
2.3k+

Литий-керамические батареи нового поколения обеспечат авиаперелеты на 1000 км

Тайваньский производитель батарей ProLogium и нидерландская аэрокосмическая компания Elysian Aircraft заключили соглашение о сотрудничестве. Партнеры намерены оценить перспективы применения литий-керамических......