BSGG: dünýäde kowid bilen kesellemeleriň sany bir hepdede 11% azaldy

  • 02.06.2022 15:21
  • 15k+

Geçen hepdäniň içinde koronawirus ýokanjy bilen 3,3 milliondan gowrak adam keselledi, 9 müňden gowrak adam ýogaldy. Ondan öňki ýedi gün bilen deňeşdirilende, ýokaç bilen kesellänler 11%, ýogalanlaryň sany  bolsa 3% kemeldi. Bu barada Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) habar berdi diýip, TASS-a salgylanýan Trend habar berýär.

Gündelik maglumatda bellenişi ýaly, geçen hepde, 23-29-njy maý aralygynda «2022-nji ýylyň ýanwar aýyndaky ýokary göterilmeden soň, täze keselleýänleriň sany azalmagyny dowam edýär». Kesellemek 11%, öwezini dolup bolmajak ýitgi bolsa 3%  azaldy. BSGG-na 3 383 774 adamyň keselländigi we 9 647 adamyň ýogalandygy barada habar berildi. Geçen hepde bilen deňeşdirilende, kesellänleriň sanynyň ep-esli azalýandygy Afrikada (minus 36%) we Ýewropada (minus 30%) bellige alyndy.


düýn 23:49
137

Ýewropada Alsgeýmer keselini anyklamak üçin täze gan barlagy tassyklanyldy

Şweýsariýanyň Roche derman senagaty kompaniýasy Alsgeýmer keselini anyklamak we inkär etmek üçin «Elecsys pTau217» gan barlagyny ulanmaga Ýewropadan rugsat aldy....

11.05.2026 23:10
2.8k+

ABŞ-da bäş aýlyk çagada Kanawan keselini bejermek boýunça seýrek operasiýa geçirildi

ABŞ-da seýrek duş gelýän neslegeçiji keselleriň biri bolan Kanawan keselinden ejir çekýän irlandiýaly bäbekde synag görnüşindäki gen terapiýasy amala aşyryldy. Bu ädim dünýäde şular ýaly ilkinji lukmançylyk......

10.05.2026 18:46
4k+

BSGG-niň ýolbaşçysy hantawirusy pandemiýa bilen deňeşdirmezlige çagyrdy

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) baş direktory Tedros Gebreýesus hantawirusyň COVID-19 pandemiýasy ýaly uly howp döretmeýändigini resmi taýdan mälim etdi....

08.05.2026 22:15
7.6k+

ABŞ-da heniz dünýä inmedik çaga operasiýa edilip, ýene ene göwresine ýerleşdirildi

Amerikanyň Florida ştatynda lukmanlar göwrelilik döwründe çaganyň bedeninde örän seýrek duş gelýän operasiýany amala aşyrdylar....