Wiktor Orban bäşinji gezek Wengriýanyň Premýer-ministri boldy

  • 18.05.2022 08:23
  • 3.7k+

Duşenbe güni Wengriýanyň döwlet ýygnagy Wiktor Orbany ýene dört ýyllyk möhlet bilen Premýer-ministr saýlady. FIDES partiýasynyň liderine bäşinji mandaty ynanmak üçin bir palataly mejlisiň 133 deputaty razylyk sesini berdi, 27 deputat garşy ses berdi.

Mejlisiň 3-nji aprelde geçen saýlawlarynda Orbanyň baştutanlyk edýän hristian-demokratlarynyň birleşiginiň partiýasy jemi 199 ýerden 135 ýeri eýeläp, ynamly ýeňiş gazandy. Respublikanyň prezidentiniň tabşyrygy boýunça maýyň başynda Orban ministrler kabinetiniň täze düzümini jemlemäge başlady we geçen hepde onuň düzümi bilen tanyşdyrdy.
Mejlisde ses bermek tamamlanandan soň, 31-nji maýda 59 ýaşyny doldurýan Orban kasam kabul etdi.


şu gün 13:30
1.2k+

Fransiýada 3D-printerde Ýewropanyň iň uly ýaşaýyş jaýy çap edildi

Fransiýada 3D çap tehnologiýasy ulanylyp gurlan Ýewropanyň iň uly ýaşaýyş jaýynyň gurluşygy tamamlandy. 12 hojalyga niýetlenen ýaşaýyş jaýy üç gatly bina bolup, bary-ýogy 34 günde çap edildi....

22.05.2026 14:19
1.9k+

BMG dünýä ykdysadyýetiniň haýallap, inflýasiýanyň ýokarlanjakdygyny çaklaýar

Birleşen Milletler Guramasy geosyýasy gapma-garşylyklar, inflýasiýanyň artmagy we global näbellilikler sebäpli, 2026-njy ýylda dünýä ykdysadyýetiniň ösüşiniň haýallajakdygyny çaklady....

14.05.2026 19:01
1.9k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 11:22
2.5k+

Peter Madýar Wengriýanyň täze premýer-ministri boldy

«Tisa» partiýasynyň lideri Peter Madýar täze çagyrylyşdaky Döwlet ýygnagynyň (bir palataly parlament) birinji mejlisinde Wengriýanyň premýer-ministri wezipesine saýlandy. Onuň dalaşgärligini 140 deputat......