Microsoft 2023-nji ýylyň aprelinden Office 2013 goldawyny bes eder

  • 21.04.2022 13:52
  • 2.7k+

Microsoft kompaniýasy Microsoft Office 2013 programmalar bukjasyny goldamagyň tamamlanjak senesini aýtdy. Bu barada BleepingComputer neşiri habar berýär.

Kompaniýa müşderilere 2023-nji ýylyň 11-nji aprelinde meşhur ofis programmalarynyň toplumy üçin goldawyň bes ediljekdigini aýtdy. “Bäş ýyl esasy goldawdan we bäş ýyl giňişleýin goldawdan soň, Office 2013 giňişleýin goldawyň soňuna çykar” – diýip, kompaniýanyň wekilleri düşündirdi. Görkezilen seneden soň kompaniýa täzelenmeleri we ýamalary çykarmagyny bes eder.

“Microsoft hiç hili täze howpsuzlyk täzelenmelerini hödürlemez, 2023-nji ýylyň aprelinden soň Office 2013-iň dowamly ulanylmagy bolsa zyýan ýetirip biler” – diýip, korporasiýa belleýär. Şunuň bilen baglylykda, ulanyjylara Office-iň aktual wersiýasyna geçmek barada pikirlenmek teklip edildi. 

Žurnalistleriň aýtmagyna görä, häzirki wagtda amerikan kompaniýasy Word, Excel we beýleki ofis programmalaryny öz içine alýan Microsoft 365 serwisine ýazylmagy teklip edýär. Şeýle-de, Office 2021 programmalar bukjasyny satyn almak bolýar, ýöne programmalar diňe bir gurluşda elýeterli bolar.
Microsoft Office 2013 ofis bukjasynyň ilkinji wersiýasy 2013-nji ýylyň ýanwar aýynda hödürlendi. Microsoft Office 2010 ulanyjylary täzelenmäni mugt almak mümkinçiligine eýe boldular.

 


04.12.2025 15:46
4.2k+

Microsoft «betnyşan» switerleriň kolleksiýasyny çykardy

Microsoft bir ýyldan soň ýene Täze ýyl baýramçylygynyň öňüsyrasynda muşdaklary «betnyşan» switerleriň kolleksiýasy bilen begendirmek isledi. Kolleksiýa «Artifact» switeri, Zune pleýeriniň stilinde goňur switer we Xbox konsollarynyň stilinde ýaşyl switer girdi...

30.11.2025 19:32
1k+

Windows 11-de Notepad jedwel goldawyny aldy we köpugurly boldy

Windows 11-de Notepad («Bloknot») programmasy jedweller goldawyny we olary soňrakky redaktirlemek mümkinçiligini aldy. Programma öz mümkinçiliklerini ep-esli giňeltdi, şol sanda kämilleşdirilen emeli aň gurallary hem goşuldy...

28.11.2025 11:10
3.8k+

Xbox aýakda: Microsoft oýun konsolynyň äheňinde krokslary çykardy

Microsoft kompaniýasy Xbox 360-yň 20 ýyllygy mynasybetli ýönekeý we ýeňil plastik aýakgaplaryň – krokslaryň çäkli sanyny çykardy. Olar konsolyň özboluşly reňklerini öz içine alýar we kontrollýoryň düwmelerine we joýstiklerine meňzeş elementler bilen bezelen...

26.11.2025 14:06
1.5k+

Windows 11 24H2-däki howply säwlik «Prowodnik-de» we «Start» menýusynda bökdençliklere sebäp bolýar

Microsoft Windows 11 24H2 wersiýasynda «Prowodnik» (File Explorer), «Start» menýusy we birnäçe beýleki ulgam böleklerinde bökdençliklere sebäp bolýan çynlakaý säwligiň (bagyň) bardygyny tassyklady. Mesele OS-yň şu wersiýasynda işleýän, eger olarda 2025-nji ýylyň iýul aýynda ýa-da ondan soňky döwürde çykan toplaýjy täzelenmeler gurlan bolsa, şol kompýuterlere täsir edýär...