Lewandowskiý Gerd Mýulleriň rekordyny gaýtalady

  • 22.03.2022 13:35
  • 9.3k+

“Bawariýa” futbol kluby Germaniýanyň çempionatynyň 27-nji tapgyrynyň oýnunda “Uniony” 4:0 hasabynda utdy. Duşuşyk Mýunhendäki “Alýans-Arenada” geçirildi diýip, TASS-a salgylanyp, Trend habar berýär.

Bu oýunda gol bilen Kingsli Koman (16-njy minut), Nýanzu Kuassi (25) we Robert Lewandowskiý (45, 47) tapawutlandy. Germaniýanyň çempionatynyň häzirki möwsüminde polşaly hüjümçiniň hasabynda 31 gol bar.

Lewandowskiý bäşinji gezek bundesliganyň bir möwsüminde 30 we ondan köp gol geçirýär. Şeýlelik bilen, ol Gerd Mýulleriň rekordyny gaýtalady. Lewandowskiden we Mýullerden başga-da, Germaniýanyň çempionatynyň taryhynda ýene bäş oýunçy bir möwsümde 30 we ondan köp gol geçirmegi başardy – Pýer-Emerik Obameýang, Lotar Emmerih (ikisi-de Dortmundyň “Borussiýasy” üçin), Diter Mýuller (“Kýoln”), Ýupp Haýnkes (Mýonhengladbahyň “Borussiýasy”) we Uwe Zeýeler (“Gamburg”).

“Bawariýa” 27 oýunda 63 utuk gazanyp, ýurduň çempionatynyň turnir jedwelinde birinji orunda ýerleşýär. “Union” 38 utuk bilen sekizinji orny eýeleýär. Indiki oýunda “Bawariýa” 2-nji aprelde “Fraýburg” bilen duşuşar, “Union” bir gün öň “Kýolny” kabul eder.


düýn 09:59
5.3k+

ÇL-iň ýarymfinaly: «PSŽ» bilen «Bawariýa» 9 golly dartgynly oýun görkezdiler

Pariźdäki «Park-de-Prens» stadionynda «PSŽ» we «Bawariýa» jemi dokuz gol urulmagy bilen tamamlanan dartgynly oýun görkezdiler. UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň ýarym finalynyň birinji duşuşygy pariźli toparyň......

28.04.2026 16:14
4k+

Tedesko «Fenerbahçeniň» baş tälimçisi wezipesinden aýryldy

«Fenerbahçe» topary baş tälimçi Domeniko Tedeskonyň wezipesinden aýrylandygyny yglan etdi. Bu barada türk klubunyň metbugat gullugy habar berýär....

28.04.2026 14:43
8.4k+

Dünýä çempionatynyň finalynyň biletleri 2,3 mln dollardan satylýar

FIFA-nyň resmi gaýtadan satuw platformasynda 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň final duşuşygyna dört sany bilet peýda boldy. Olaryň her biriniň bahasy 2,3 million dollara golaýlaýar....

27.04.2026 16:45
7.2k+

Salah indi «Liwerpulyň» düzüminde meýdança çykyp bilmez: futbolçy dyzyndan şikes aldy

«Liwerpul» klubunyň hüjümçisi Mohamed Salah Angliýanyň Premýer-ligasynda «Kristal Pelas» toparyna garşy geçirilen oýunda (3:1) alan şikesi sebäpli möwsümiň galan böleginde meýdança çykyp bilmez....