Raşid Meredow Halk Maslahatynyň mejlisiniň jemlerine bagyşlanan brifing geçirdi

  • 13.02.2022 11:05
  • 9.1k+

12-nji fewralda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisiniň çäklerinde kabul edilen taryhy çözgütlere bagyşlanan brifing geçirildi. Oňa TDIM-niň ýolbaşçylary we wekilleri, şeýle-de ýurdumyzda akkreditirlenen diplomatik edaralaryň hem-de halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Öz çykyşynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow golaýda ýurdumyzda geçirilen derwaýys syýasy wakalaryň döwletiň hem-de jemgyýetiň içerki ösüşi nukdaýnazaryndan, edil şonuň ýaly-da Türkmenistanyň halkara işleriniň ilerledilmeginde hem aýratyn ähmiýete eýedigini belledi.

Nygtalyşy ýaly, 11-nji fewralda geçirilen Halk maslahatynyň nobatdan daşary mejlisiniň barşynda taryhy ähmiýete eýe bolan çözgütler kabul edildi we olaryň kabul edilmegine Türkmenistanyň halky işjeň gatnaşdy. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 – 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny» tassyklamak hakynda Karar» kabul edildi.

Brifingiň dowamynda ministr R.Meredow Türkmenistanyň Prezidentiniň çykyşynyň aýratyn wajyp bölegini belläp geçdi. Bu ýerde gürrüň ýurdumyzda kesgitlenilen meýilnamalaryň we kabul edilýän maksatnamalaryň durmuşa geçirilmeginde ýaşlara uly umyt bildirilýändigi, ýokary döwlet wezipelerine ýaş ýolbaşçylary çekmek barada barýar.


düýn 20:55
1.6k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.4k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......