ÝUNESKO-nyň miras sanawyna çarwa oýunlary we özbek bagşyçylyk sungaty goşuldy

  • 17.12.2021 17:55
  • 4.4k+

Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy çarwa oýunlaryny we özbek bagşyçylyk sungatyny maddy däl medeni mirasyň reprezentatiw sanawyna girizdi. Bu barada ÝUNESKO-nyň metbugat gullugy habar berýär. Muny TASS ýetirýär.

“Gyrgyz halkynyň medeni mirasy çarwa durmuşy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. 1991-nji ýylda Garaşsyzlyk gazanylandan soň Gyrgyzystanyň ýerli jemgyýetleri däp bolan medeniýetini gaýtadan dikeltmek we dabaralandyrmak boýunça işe başladylar” – diýlip, habarda aýdylýar.

Bütindünýä çarwa oýunlary sportuň etniki görnüşleri boýunça halkara ýaryşlardyr. Olar Merkezi Aziýa ýurtlarynda sportuň halk görnüşlerine esaslanýar. Bu ýaryşlary ilkinji gezek 2014-nji ýylda Gyrgyzystan geçirdi we şondan bäri halkara ýaryşlar her iki ýyldan geçirilýär. 2018-nji ýylda III Bütindünýä çarwa oýunlaryna onlarça ýurtdan 2 müňe golaý türgen gatnaşdy, olar kok-boru (owlakgapdy), taýak çekmek, at çapyşyklary, awçy guşlar bilen aw awlamak, intellektual oýunlar ýaly milli sport görnüşleriniň 37-sinde baýrak üçin bäsleşdiler. 

Üçünji oýunlardan soň olary dürli ýurtlarda geçirmek kararyna gelindi. Dördünjini 2020-nji ýylda Türkiýe kabul etmäge razy boldy. Ýöne COVID-19 pandemiýasy sebäpli çäräni ilki 2021-nji ýyla, soňra 2022-nji ýyla geçirmek kararyna gelindi. 

 “Epiki poeziýa Özbegistanyň özbek we garagalpak halkynyň aýdym-saz we poeziýa mirasynda aýgytly rol oýnaýar. Bagşyçylyk sungaty – özbek durmuşynyň möhüm bölegidir, kyssaçylar myhmanlary hemişe maşgala dabaralarynda, däp-dessurlarda, döwlet baýramçylyklarynda we halk gezelençlerinde garşy alýarlar” – diýlip, ÝUNESKO-nyň habarynda aýdylýar.

Bu däp dombra we kobuz ýaly saz gurallary bilen bilelikde miflere, rowaýatlara, halk ertekilerine we rowaýata öwrülen aýdymlara esaslanýan “dessan” žanryndaky goşgulary okamagy öz içine alýar. 


26.05.2026 19:02
6.3k+

Saparmyrat Atabaýew Karshi Open-2026 halkara ýaryşynyň ilkinji üçlügine girdi

Türkmen grossmeýsteri Saparmyrat Atabaýew Özbegistanda tamamlanan Karshi Open-2026 halkara küşt ýaryşynda üçünji ýeri eýeledi....

26.05.2026 09:51
3.3k+

Namangandaky halkara gül festiwaly Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Özbegistanyň Namangan şäherinde geçirilen 65-nji halkara gül festiwaly, onuň guralmagy üçin bir aýyň dowamynda 29,4 milliondan gowrak ösümlik oturdylandan soň, Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi....

24.05.2026 15:35
11k+

13 ýaşly özbek mekdep okuwçysy kitaba bolan söýgüsi üçin BYD Chazor-a mynasyp boldy

Özbegistanyň Buhara welaýatynyň Peşkun etrabyndan 13 ýaşly Farzona Nasirowa respublika derejesinde geçirilen "Ýaş kitaphon" (Yosh kitobxon) bäsleşiginiň ýeňijisi boldy we Özbegistanyň Prezidenti Şawkat......

24.05.2026 15:32
3.7k+

BMG: Afrikanyň paýyna dünýädäki jaý maliýeleşdirilmeleriniň 3%-denem az bölegi düşýär

Baku şäherinde geçirilen Bütindünýä şäherler forumynda BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary Amina J. Mohammed örän möhüm maglumaty mälim etdi. Maglumata görä, dünýä boýunça şäher ilatynyň takmynan 20%-iniň......