Yandex-iň üçünji çärýekdäki arassa girdejisi 62% azaldy

  • 30.10.2021 01:36
  • 2.2k+

Ýylyň üçünji çärýeginde Yandex kompaniýasynyň arassa girdejisi ep-esli azalyp, bu pese gaçma 62 göterime barabar boldy. Bu barada 1prime.ru habar berdi.

Yandex-iň 2021-nji ýylyň üçünji çärýegindäki umumy girdejisi, 2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 52% ýokarlandy we 91,3 milliard rubl boldy. Bu döwür içinde korrektirlenen arassa girdeji 82% azaldy we 1,34 milliard rubl boldy. Üçünji çärýekde korrektirlenen EBITDA görkezijisi 62% peselip, 5,6 milliard rubla barabar boldy.

Kompaniýanyň bu döwürdäki mahabat girdejisi 27% ýokarlandy we 42,6 milliard rubla ýetdi. “Poisk”-iň we “Portal”-yň girdejileri 33 göterim ýokarlap, 42,7 milliard rubla ýetdi.  "Taksi" kompaniýalar toparynyň girdejisi 83% ýokarlandy we 34 milliard rubla barabar boldy.  Elektron söwda segmentiniň dolanyşygy (GMV) 214% artyp, 41,8 milliard rubla ýetdi.

25.06.2026 20:11
3.4k+

Hindi startapyny esaslandyryjy WhatsApp-a ýolbaşçylyk eder

Meta kompaniýasy WhatsApp-yň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleriň bolandygyny yglan etdi. Soňky ýedi ýylyň dowamynda messenjere ýolbaşçylyk eden Will Ketkart kompaniýanyň içinde başga bir wezipä geçýär. Täze......

24.06.2026 17:02
2.5k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

23.06.2026 22:44
5.5k+

Bugatti sport awtoulagynyň bahasyndan golf taýaklaryny satýar

Bugatti kompaniýasy «Honma» ýapon firmasy bilen bilelikde işlenip düzülen golf aksessuarlarynyň täze hataryny tanyşdyrdy. Aýratyn taýaklaryň bahasy 3200 dollardan başlanýar, iň gymmat toplumyň bahasy bolsa 72......

23.06.2026 08:37
7.6k+

Ýewropada her gün baýlygy 30 mln dollardan geçýän 20 täze millioner peýda bolýar

Soňky 5 ýylyň dowamynda Ýewropada aşa ýokary girdejili adamlaryň sany 25 göterim artdy. Knight Frank Wealth Report-uň täze hasabatyna görä, Ýewropa yklymynda baýlygy 30 million dollardan geçýän 183 953 adam......