Туркменский лидер пригласил главу Евросовета на празднования Дня нейтралитета Туркменистана

  • 30.08.2021 15:28
  • 8.2k+

29-njy awgustda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Ýewropa Bileleşiginiň Başlygy Şarl Mişeliň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Taraplar Türkmenistanyň hem-de Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynyň hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlaryny hem-de sebit howpsuzlygyna täsirini ýetirýän owgan meselesini ara alyp maslahatlaşdylar.

Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy has-da giňeltmegi ugur edinýändigini tassyklap, bu gün biziň öňümizde gatnaşyklary giňeltmek wezipesiniň durýandygyny belledi. Bu gatnaşyklaryň meseleleri köpdürli bolup, olar özara gyzyklanma döredýär. Şol meseleleriň hatarynda Merkezi Aziýa sebitinde hem-de onuň bilen çäkleşýän zolaklarda parahatçylygy we howpsuzlygy saklamak, Durnukly ösüş maksatlaryny ýerine ýetirmek, energetika howpsuzlygy, ulag, ekologiýa, suw serişdelerini peýdalanmak meseleleri bar.

Söhbetdeşligiň dowamynda Ýewropa bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň hereket edýän hyzmatdaşlyk gurallarynyň çäklerinde, hususan-da, “Ýewropa Bileleşigi — Türkmenistan” bilelikdäki komitetiniň, Parlamentara dialogyň, Adam hukuklary boýunça dialogyň, daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky konsultatiw duşuşyklaryň çäklerinde hem-de hyzmatdaşlygyň aýry-aýry meseleleri boýunça netijeli ösdürilýändigi aýratyn bellenildi.

Türkmen Lideri “Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi” görnüşindäki sebitara gatnaşyklaryň bu ugurda nusgalyk bolup, Ýewropa Bileleşiginiň hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň syýasaty we howpsuzlygy babatdaky meseleler boýunça ýokary derejeli Dialogyň çäklerinde yzygiderli geçirilýän duşuşyklaryň netijeliligini nygtady. Olar sebitiň durnukly ösüşi bilen bagly meseleler boýunça pikir alyşmaga mümkinçilik berýär.

Ýewropa Bileleşiginiň Başlygy Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky ynanyşmak esasynda guralýan netijeli gatnaşyklar barada durup geçdi. Jenap Şarl Mişel Gurbanguly Berdimuhamedowy Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň ýetip gelýän 30 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlap, türkmen halkyna we onuň Liderine iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edilendigini hem-de 2021-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek baradaky Türkmenistanyň teklip eden Kararnamasynyň biragyzdan kabul edilendigini belläp, Ýewropa Bileleşiginiň Başlygy Şarl Mişeli Türkmenistanyň Bitaraplyk gününiň baýramçylygyna çagyrdy. Çakylyk hoşallyk bilen kabul edildi.


09.05.2026 15:30
2.4k+

Евросоюз собирается искоренить бедность к 2050 году

​Вице-президент Европейской комиссии Роксана Мынзату рассказала о намерении полностью искоренить бедность в странах Евросоюза к 2050 году....

03.05.2026 12:23
8.2k+

​Глава Халк Маслахаты ознакомился с ходом возведения мечети и музея в Аркадаге

​2 мая председатель Халк Маслахаты Туркменистана Гурбангулы Бердымухамедов посетил город Аркадаг, где детально ознакомился с ходом возведения мечети и сопутствующих объектов в рамках второй очереди застройки....

02.05.2026 08:13
2.5k+

Туркменистан примет участие в крупных мероприятиях в Казани, Лондоне и Баку

В мае представители Туркменистана примут участие в ряде крупных международных мероприятий. Об этом в пятницу на заседании Правительства по цифровой системе отчитался вице-премьер, министр иностранных дел Рашид......

29.04.2026 15:09
1.4k+

В МИД Туркменистана подвели итоги внешнеполитической деятельности с начала года

28 апреля министр иностранных дел Туркменистана Рашид Мередов провёл брифинг, посвящённый основным событиям международной деятельности страны с начала года. Об этом сообщили в пресс-службе внешнеполитического......