«Тоттенхэм», «Рома», «Кайрат»… Жеребьевка группового этапа Лиги конференций УЕФА

  • 28.08.2021 14:21
  • 14k+

27-nji awgustda UEFA-nyň Konferensiýalar ligasynyň 2021/22 möwsüminiň toparlaýyn tapgyrynyň bijeleri çekildi. Bu barada UEFA-nyň resmi saýty habar berýär.

Bije çekilmezden öň, 32 klub möwsümiň başyna çenli klublaýyn koeffisentlerine we UEFA-nyň klublaýyn ýaryşlar boýunça Komitetiniň ýörelgelerine laýyklykda, 8-den dört sebede paýlandy. Bir assosiasiýanyň klublary, şeýle hem Ermenistanyň we Azerbaýjanyň klublary bir topara düşürilmedi.

Belläp geçsek, şu ýyl ýaryşa ilkinji gezek gazaklaryň «Kaýrat» kluby gatnaşýar. Ýakynda oňa Gurban Berdiýew tälimçi bellendi. Türkmen hünärmeniniň kluby üçünji sebede düşdi we H toparda Şweýsariýanyň «Bazel», Azerbaýjanyň «Karabah» we Kipriň «Omoniýa» klublary bilen duşuşar.

Toparlar şulardan ybarat:

A topar: «LASK» (Awstriýa), «Makkabi Tel-Awiw» (Ysraýyl), «Alaşkert» (Ermenistan), «HIK» (Finlýandiýa). 
B topar: «Gent» (Belgiýa), «Partizan» (Serbiýa), «Flora» (Estoniýa), «Anortosis» (Kipr). 
C topar: «Roma» (Italiýa), «Zarýa» (Ukraina), «SSKA Sofiýa» (Bolgariýa), «Budö-Glimt» (Norwegiýa).
D topar: «AZ» (Niderlandlar), «ÇFR Kluž» (Rumyniýa), «Ýablones» (Çehiýa), «Ranners» (Daniýa).
E topar: «Slawiýa Praga» (Çehiýa), «Feýenoord» (Niderlandlar), «Union Berlin» (Germaniýa), «Makkabi Haýfa» (Ysraýyl).
F topar: «Kopengagen» (Daniýa), «PAOK» (Gresiýa), «Slowan» (Slowakiýa), «Linkoln» (Gibraltar).
G topar: «Tottenhem» (Angliýa), «Renn» (Fransiýa), «Witess» (Niderlandlar), «Mura» (Sloweniýa). 
H topar: «Bazel» (Şweýsariýa), «Karabah» (Azerbaýjan), «Kaýrat» (Gazagystan), «Omoniýa» (Kipr). 

Toparlaýyn tapgyryň duşuşyklary 16-njy sentýabrdan 9-njy dekabrda penşenbe günleri — Ýewropa ligasynyň duşuşyklarynyň geçirilýän günleri geçiriler.

Konferensiýalar ligasynyň 8 toparynyň ýeňijileri gönüden-göni 1/8 finala çykýarlar. Ikinji orny eýelänler Ýewropa ligasynyň toparlarynda üçünji orny eýelän klublar bilen duşuşyp, 1/8 finala galan 8 petek ugrunda ýaryşarlar.

Ýaryşyň finaly 2022-nji ýylyň 25-nji maýynda Albaniýanyň paýtagty Tiranadaky «Nasional Arena» stadionynda geçiriler.


сегодня 13:41
2.1k+

Определились все пары 1/16 финала ЧМ-2026: расписание плей-офф

На чемпионате мира по футболу 2026 года в США, Канаде и Мексике завершились заключительные матчи группового этапа. Утром 28 июня (по ашх.) окончательно сформировались все пары стадии плей-офф....

сегодня 12:43
2.8k+

ЧМ-2026: очередной гол Месси, Португалия чуть не вылетела, триллер в матче Алжир–Австрия

На чемпионате мира по футболу 2026 года завершились матчи 3-го тура группового этапа. По их результатам окончательно определился весь состав участников стадии 1/16 финала....

вчера 13:51
9.4k+

ЧМ-2026: Дембеле оформил хет-трик, Кабо-Верде творит историю, а Египет обходит Иран

На чемпионате мира по футболу 2026 года завершились матчи заключительного, 3-го тура в группах G, H и I. По их результатам определились итоговые места команд и участники 1/16 финала....

26.06.2026 14:33
12k+

ЧМ-2026: Германия уступила Эквадору, США проиграли Турции, но идут дальше

На чемпионате мира по футболу 2026 года завершились матчи заключительного, 3-го тура в группах E, F и D. По их результатам определились итоговые места команд и очередные участники 1/16 финала....