Tokiodaky Olimpiýa oýunlarynyň 10-njy gününiň netijeleri

Tokiodaky Olimpiýa oýunlarynyň 10-njy gününiň netijeleri

Tokioda dowam edýän Olimpiýa oýunlarynyň onunjy gününde 20 baýrak toplumy paýlandy. 

  • Niderlandly ýeňil atletikaçy Sifan Hassan 5 000 metr aralyga ylgamakda ýeňiş gazandy. 28 ýaşly türgen bu aralygy 14 minut 36,79 sekuntda geçdi. Ikinji orny Keniýadan Hellen Obiri, üçünji orny efiopiýaly Gudaf Segaý eýeledi.
  • Marokkoly ýeňil atletikaçy Sufian El-Bakkali 3 000 metr aralyga päsgelçilikli ylgamakda ýeňiji boldy. 25 ýaşly türgen bu aralygy 8 minut 8,90 sekuntda geçdi. Ikinji orna Efiopiýadan Lameça Girma, üçünji orna keniýaly Benjamin Kigen mynasyp boldy.
  • Welotrek sportunyň toparlaýyn sprint görnüşi boýunça ýaryşyň finalynda hytaý türgenleri dünýä rekordyny – 31,804 sekunt – goýup, birinji orny eýelediler. Kümüş medaly Germaniýanyň milli ýygyndysy, bürünç medaly russiýaly türgenler aldy.
  • 32 ýaşly germaniýaly Ýuliýa Kraýewski konkur boýunça altyn medal gazandy. Ikinji orny britaniýaly Tom Makiwen, üçünji orny awstraliýaly Endrýu Hoý eýeledi.
  • Kubaly Mihain Lopes Nunýes göreş boýunça dünýäde ilkinji bolup dört gezek olimpiýa çempiony boldy. Grek-rim göreşinde 130 kg çenli agram kategoriýasynda ol 5:0 hasabynda gruziýaly Ýakob Kajaýadan üstün çykdy.

Medal sanawynda Hytaý öňde barýar. Ikinji orunda ABŞ, üçünji orunda Ýaponiýa ýerleşýär.