Mergen Mämmedow Tokio Olimpiadasynyň final tapgyryna çykyp bilmedi

  • 02.08.2021 17:58
  • 16k+

Tokiodaky Olimpiýa oýunlarynda ýekedaban zyňmak boýunça ýaryşynda Türkmenistandan ýeke-täk wekil bolan Mergen Mämmedow final tapgyryna çykyp bilmedi. «B» Kwalifikasiýa toparynda çykyş eden türgen 15-nji netijäni görkezdi — 67,53 metr. Jemleýji tapgyrda çykyş edýän 12-lige girmek üçin bu görkeziji ýeterlik bolmady.
Kwalifikasiýa tapgyrynda iň gowy netijäni polşaly Woýseh Nowiskiý görkezdi — 79,78 metr. Ikinji ýerde amerikaly Rudi Uinkler — 78,81 m, üçünji ýerde norwegiýaly Eýwind Henriksen — 78,78 m.
Türkmen türgenleriniň Olimpiýa ýaryşlaryndaky çykyşlarynyň dowamy barada bellesek, 3-nji awgustda Öwez Öwezow 109 kilogram agramda dünýäniň öňdebaryjy agyr atletikaçylary bilen bäsleşer.
4-nji awgustda bolsa, Hojamuhammet Toýçiýew 109 kilogram agramda agyr atletika boýunça ýaryşa goşular.

Şeýle hem okap bilersiňiz:


04.12.2025 16:29
5.1k+

Türkmen türgenleri dekabr aýynda Abu-Dabidäki «Gran Fondo» ýaryşyna gatnaşarlar

Welotrek boýunça Türkmenistanyň ýygyndysy 2025-nji ýylyň dekabr aýynda Abu-Dabide geçiriljek Welosport hepdeliginiň çäklerinde «Gran Fondo» weloýaryşyna gatnaşar. Bu barada Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky ilçisi Ahmet Al-Haý Al Hammadi «Neýtralnyý Türkmenistan» gazetinde çap edilen makalasynda belleýär...

02.12.2025 09:29
8.3k+

Belgiýaly ýeňil atletikaçy adamkärçilikli hereketi üçin baýrak aldy

Belgiýaly ýeňil atletikaçy Tim Wan de Welde Tokioda geçirilen dünýä çempionaty-2025-de görkezen asylly hereketi üçin Feýr Pleý halkara baýragyna mynasyp boldy. Päsgelçilikli 3000 metr aralyga ylgawda onuň garşydaşy, kolumbiýaly Karlos San Martin pellehana golaýda nobatdaky päsgelçilikden geçende agyr şikes aldy...

01.12.2025 14:58
2.9k+

Dýuplantis we Maklaflin-Lewron ýylyň ýeňil atletikaçylary diýlip yglan edildi

Şwesiýaly şestli böküji Arman Dýuplantis we amerikaly ylgawçy Sidni Maklaflin-Lewron Bütindünýä ýeňil atletika assosiasiýasy (World Athletics) tarapyndan ýylyň ýeňil atletikaçylary diýlip ykrar edildi. Baýragyň gowşurylyş dabarasy ýekşenbe güni Monakoda geçirildi...

28.11.2025 23:57
5.9k+

Türkmen agyr atletikaçylary Tähranda Fajr Cup ýaryşynda 8 altyn medal gazandylar

2025-nji ýylyň 26-30-njy noýabry aralygynda Eýranyň paýtagty Tähranda halkara agyr atletika ýaryşy geçirilýär, bu ýerde Türkmenistanyň milli ýygyndysy üstünlikli gatnaşýar. Türkmen türgenleri eýýäm 12 medal gazandylar, şol sanda 8 altyn we 4 bürünç medal...