3 секрета от китайских долгожителей

  • 01.08.2021 17:04
  • 16k+

Bilşimiz ýaly, Hytaý ýaşaýjylarynyň ömür dowamlylygy uzak bolan ýurtlaryň hataryna girýär. Ýöne ol ýerdäki ýaramaz ekologik ýagdaýy göz öňünde tutsaň, bu geňdir. Şeýle-de bolsa, bu ýurduň ýaşaýjylary sagdyn durmuş ýörelgesini özlerine endik edinýärler. Gündogar lukmançylygy adam organizmine bitewi ulgam hökmünde garaýar. Hytaý ýaşaýşy saglygy, organizmiň ähli ulgamlarynyň we durmuş ugurlarynyň deňagramlylygyny saklamaga gönükdirilendir.

Aşakda biz ilatynyň sany boýunça dünýäde birinji orunda durýan Hytaý döwletiniň ýaşaýjylarynyň uzak ýaşamagynyň 3 syryny belläp geçýäris:

Duz we şeker. Hytaýda duz we şeker ulanylmaýar diýen ýaly. Olaryň ornuny soýa sousy we miweler tutýar. Doňdurylan eti we düýnki nahary iýmek bolmaýar, Hytaýda şeýle iýmit “öli” hasaplanýar. Ýurduň ýaşaýjylary ter önümleriň we ösümlik iýmitleriniň ýaşaýyş energiýasynyň aýlanyşyny gowulandyrýandygyna we keselleriň organizme ornaşmagynyň öňüni alýandygyna ynanýarlar.

Ýüz ädim. Hytaý lukmanlarynyň pikiriçe, bu iýmitiň siňdirilmegini gowulandyrýar, gan damarlaryny goraýar we ýüregiň ýaşlygyny uzaldýar. Nahardan soň holesteriniň derejesi ýokarlanýar. Eger gan aýlanyş ulgamyna aerob agramyny berseň, zyýanly birleşme damarlara çalt ornaşyp, olaryň ýoluny daraldar.

Öz-özüňi massaž etmek. Hytaý ýaşaýjylary massaž bilen öz-özüňi massaž etmegiň saglyk energiýasyny herekete getirýändigine ynanýarlar. Şu ýerde öz-özüňi massaž etmegiň üç ýönekeý we täsirli usuly hödürlenýär. 

1. Irden oýananyňyzdan soň, gulaklaryňyzy 3-5 minut ýuwaşlyk bilen massaž ediň.
2. Gündiz, günortan nahardan 2 sagat soň ýumşak massaž hereketleri bilen garnyňyzy merkezden başlap, sagat diliniň ugry boýunça aýlawy barha ulaldyp owkalaň, soňra sagat diliniň garşysyna aýlawyň radiusyny kiçeldip owkalaň. Her tarapa 36 aýlaw etmeli, Hytaýda bu mukaddes san abadançylyk we saglyk berýär.
3. Agşam dabanlaryňyzy owkalaň. Arassa aýaga krem çalyň we başam barmagyňyz bilen her dabanyňyzy 2-3 minut ýazyň. Hytaý lukmanlary munuň organizmiň tebigy arassalanma prosesini işjeňleşdirip, bagryň we böwregiň ýagdaýyny gowulandyrýandygyna ynanýarlar.

Şeýle hem okap bilersiňiz:
100 ýaşdan geçen türkmenistanlylaryň uzak ýaşamagynyň syryny bilmek isleýärsiňizmi?


19.06.2025 16:34
6.3k+

Компания Ýönekeý продлила прием заявок от желающих учиться в Китае до 30 июня

Компания Ýönekeý, занимающаяся отправкой студентов из Туркменистана в ведущие университеты Китая по востребованным направлениям, напоминает, что срок регистрации скоро подходит к концу. Срок подачи заявлений на обучение продлен до 30 июня 2025 года...

10.06.2025 22:09
8.3k+

Хочешь учиться в Китае или Турции? У Yakynyol есть выгодное предложение

Китай и Турция привлекают молодых людей со всего мира высокими стандартами в сфере образования и широкими возможностями в научно-технических направлениях. Количество туркменской молодежи, желающей учиться в этих странах, постоянно растет...

13.02.2025 20:44
5.1k+

Хотите учиться в Китае? ИП Ýönekeý организует всё на выгодных условиях

Индивидуальное предприятие Ýönekeý сообщает, что количество заявок на получение образования в Китае ограничено, места быстро заполняются. Желающие могут получить дополнительную информацию на сайте https://hytay...

31.01.2025 16:06
96k+

Ýönekeý предлагает выгодные условия для туркменистанцев, желающих учиться в Китае

Зачем учиться в Китае? В последние годы Китай становится одним из самых популярных направлений для молодых людей, желающих получить высшее образование за рубежом. Причины этого кроются в передовых образовательных...