Täçmahal myhmanlar üçin ýene-de hyzmat edip başlady

  • 18.06.2021 20:12
  • 6.4k+

Hindistanyň iň meşhur binagärlik ýadygärligi bolan ak mermerli Täçmahal aramgähi COVID-19 pandemiýasy sebäpli iki aý ýapylandan soň, çarşenbe güni myhmanlar üçin açyldy. Hindistanyň Agra şäheri boýunça Arheologiýa edarasynyň ýolbaşçysy Wasant Kumar Sawarnkaryň žurnalistlere habar berşi ýaly, ýadygärlik çäklendirmeler bilen açyldy, ýagny toplumyň çägine bir wagtyň özünde 650-den köp adam goýberilmez. Bu barada TASS habar berýär.

“Edaranyň goragyndaky beýleki ýadygärlikleriň arasynda bolan Täçmahal 16-njy iýundan ýene-de açyk. Bir wagtda toplumyň çägine 650-den köp adam goýberilmez. Ähli myhmanlar örtük dakynmaly, myhmanlara gözegçilik etmek üçin ýörite toparlar döredildi” – diýip, ANI habarlar agentligi Sawarnkaryň sözlerini getirýär.

Hindistanyň Arheologiýa edarasy koronawirus ýokanjynyň çalt köpelmegi sebäpli, aramgähi 15-nji aprelden beýleki arheologiýa ýadygärlikleri bilen birlikde ýapdy. 14-nji iýundan häkimiýetler 16-njy iýundan başlap taryhy ýadygärlikleri we muzeýleri açmaga rugsat berilýändigini habar berdiler, ýöne gutarnykly karar her etrapda ýa-da şäherde kesel ýagdaýyna baglylykda ýerli häkimiýetler tarapyndan kabul ediler.
Sawarnkaryň bellemegine görä, petekler diňe onlaýn ýa-da telefon arkaly satylar, kassalarda petek satyn alyp bolmaz. Bir salgydan ýa-da telefondan bäşden köp petek satyn alyp bolmaýar. Myhmanlara Täçmahalyň mermer diwarlaryna el degirmäge rugsat berilmez, şeýle-de diňe dezinfisirleýji ergin bilen siňdirilen gubka örtügi bolan ýörite ýollardan ýöremeli bolar.
Öň Täçmahala her gün ortaça 40 müň adam barýardy. Ýöne möwsüm wagtynda – dekabr aýyndan fewral aýy aralygynda gelýänleriň sany günde 170 müň adama hem ýetýärdi. Myhmanlar üçin Täçmahaly açmagyň esasy sebäbi ykdysadyýet boldy, syýahatçylyk 2 milliondan gowrak ilaty bolan Agra şäheri üçin möhüm pudak, aramgäh bolsa bu şäheriň esasy ýadygärligidir.

25.06.2026 23:36
5.7k+

Syýahatçylaryňky çüwmedi: Eýfel diňi möhletinden öň ýapyldy

Fransiýadaky aşa yssy howa birnäçe meşhur syýahatçylyk ýerleriniň iş tertibiniň üýtgemegine getirdi. Ilkinjileriň hatarynda adaty wagtyndan öň ýapylan bolsa, Pariždäki Eýfel diňi boldy....

23.06.2026 09:50
5k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
5.5k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
6.2k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......