Türkmenistanda öň girizilen käbir çäklendirmeler aýrylýar — Gurbanguly Berdimuhamedow

  • 15.05.2021 11:45
  • 59k+

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyň göçme mejlisinde Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanda öň girizilen käbir çäklendirmeleriň aýrylýandygy barada habar berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, kabul eden «Saglyk» Döwlet maksatnamamyza laýyklykda, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň döwrüň talaplaryna görä döwrebap ýagdaýa getirilýändigini belledi. Şeýle hem dürli ýokanç keselleriň öňüni almak, olary ýüze çykarmak we bejermek işleri toplumlaýyn esasda kämilleşdirilýär.
Biziň ýurdumyz bu ugurda beýleki döwletler bilen hemişe tejribe alşyp durýar. Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy, onuň ýöriteleşdirilen agentlikleri we Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy bilen ysnyşykly hyzmatdaşlyk edýär.
Ýiti öýken sowuklama keseliniň ýüze çykan ilkinji günlerinden başlap, ýurdumyzyň Hökümeti bu howply ýokanja garşy göreşe aýratyn jogapkärçilikli we hemmetaraplaýyn oýlanyşykly çemeleşdi. Ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, aýratyn-da, saglygy goraýyş ulgamynyň işi öz wagtynda bu täze howpa garşy gönükdirildi diýip, türkmen Lideri sözüni dowam etdi.
Bu ýokanjyň ählumumy häsiýeti hem-de dünýäniň ähli döwletlerine ýaramaz täsiri göz öňünde tutulyp, Keselleriň ýaýramagynyň garşysyna göreşýän adatdan daşary topar döredildi. Toparyň mejlisleri her hepdede 2 gezek geçirilýär. Bu mejlislerde möhüm çözgütler kabul edilip, ýiti öýken sowuklama keseliniň öňüni almak boýunça öz wagtynda toplumlaýyn çäreler görüldi.
Aýratyn howply keseliň öňüni almak boýunça çäreleri güýçlendirmegiň çäklerinde ähli saglygy goraýyş edaralary zerur lukmançylyk enjamlary, gorag we zyýansyzlandyryjy serişdeler, test-ulgamlar bilen doly üpjün edildi diýip, Prezident nygtady we Döwlet serhediniň ähli gözegçilik-geçiriş ýerlerinde serhet, migrasiýa, saglygy goraýyş hem-de oba hojalyk gulluklarynyň işgärlerinden we hünärmenlerinden ybarat toparlaryň gije-gündiz nobatçylygynyň guralandygyny belledi.
Ýurdumyza daşyndan getirilýän we ulanylýan azyk önümleriniň ýokary hilli hem-de howpsuz bolmagyny üpjün etmek boýunça güýçlendirilen gözegçilik tertibi girizildi. Köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde, metbugatda bu ugurdan zerur maglumatlar berilýär diýip, döwlet Baştutany sözüni dowam etdi we şu ýyl öňüni alyş çärelerini üpjün etmegiň çäklerinde waksinalary satyn almak hem-de tapgyrlaýyn getirmek işleriniň guralandygyny nygtady.
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda raýatlaryň dynç alşyny guramak maksady bilen, giň gerimli çäreleri we ilat arasynda düşündiriş işlerini geçirmegiň tertibi işlenip taýýarlandy diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
Öz wagtynda görlen çäreler we ýurdumyzyň halkynyň geçiren ägirt uly işleri netijesinde, ýiti öýken sowuklama ýokanç keseliniň döwletimiziň çäklerine aralaşmagyna hem-de ýaýramagyna ýol berilmändigini aýdyp bileris diýip, milli Liderimiz nygtady.
Şundan ugur alyp, biz şu gün öň girizilen käbir çäklendirmeleri aýyrmak barada karara gelýäris diýip, Prezident nygtady we birnäçe pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň ünsüni olaryň öňünde durýan gaýragoýulmasyz wezipelere çekdi.

şu gün 16:46
1.9k+

Alymlar zehinli adamlaryň näme üçin ýalňyzlyk çekýändigini düşündirdiler

IQ derejesi ýokary bolan adamlar köplenç özlerini jemgyýetden çetde ýaly duýýarlar we güýçli utanç duýgusyny başyndan geçirýärler. Bu bolsa olaryň adamlara öwrenişmegini kynlaşdyrýar diýip, Your Tango neşiri......

şu gün 16:39
1.7k+

Hažžyklar we ýarganatlar Berlindäki müň öýli ýaşaýyş jaýynyň gurluşygyna päsgel berýärler

Berlinde gurulýan ilkinji 167 metrlik gökdirän ýaşaýyş jaýynyň gurluşygy gum hažžyklaryny, samyrlary we ýarganatlary goramak zerurlygy sebäpli yza süýşürilýär diýip Bild gazeti habar berýär....

şu gün 16:36
497

Paramount Ýakyn Gündogar gaznalaryndan Warner Bros.-y satyn almak üçin $24 milliard goldaw aldy

Paramount Skydance kompaniýasy Warner Bros. Discovery-ni satyn almak maksady bilen, Ýakyn Gündogaryň üç sany döwlet gaznasyndan takmynan 24 milliard dollar maliýe goldawyny aldy....

şu gün 15:19
1k+

Günorta Koreýa ilatyny mugt mobil interneti bilen üpjün eder

Iýun aýyndan başlap, Günorta Koreýada mobil internetine ählumumy mugt elýeterlilik girizilýär diýip, ýurduň Ylym ministrligine salgylanyp, «The Register» neşiri habar berýär....