Huşunyň kütelip ugrandygyny adamyň ýöreýşinden çaklap bolar

  • 27.02.2021 17:09
  • 17k+

“Alzheimer's & Dementia: The Journal of the Alzheimer's Association” neşiri alymlaryň barlaglarynyň netijelerini çap etdi. Onuň netijesinde adamyň garrylyk sebäpli huşunyň kütelip ugrandygyny onuň ýöreýşinden çaklap boljakdygy ýüze çykaryldy. Bu barada ferra.ru habar berdi.

Ylmy işiň çäginde kanadaly hünärmenler Lawson saglyk barlag institutynyň we Günbatar uniwersitetiniň Londondaky barlagçylary bilen birleşip, 500 töweregi meýletinçiniň ýöreýiş usulyny hem-de beýnisiniň işini öwrendiler. Alymlar ritme, tempe, duruş pozasyna üns berdiler. Ýöreýşiň ýokary üýtgeýjiliginiň, ýagny ädimden ädime üýtgemeginiň Alsgeýmer keselinden habar berip biljekdigi we onuň takyklygynyň 70% -e çenli bolup biljekdigi ýüze çykdy.

"Häzir biz fiziki işjeňligiň, esasanam, ýöreýşiňiziň dürli görnüşli newrodegeneratiw ýagdaýlary anyklamaga kömek edip biljekdigini görýäris"- diýip, alym Manuel Montero-Odasso gürrüň berýär.

şu gün 08:07
4.5k+

Hytaýda içinde birje adam hem işlemeýän myhmanhana açylar

Hytaýyň Pudu Robotics kompaniýasy tutuşlygyna robotlar tarapyndan dolandyryljak we adam zähmetini talap etmejek täze bir myhmanhananyň gurluşygyny yglan etdi. Bu desganyň resmi taýdan açylmagy 2027-nji ýyla......

düýn 00:18
2.6k+

«Roskosmos» 2036-njy ýyla çenli Aýda atom elektrik stansiýasyny gurmagy meýilleşdirýär

«Roskosmos» 2036-njy ýyla çenli Aýda atom elektrik stansiýasyny (AES) döretmegi meýilleşdirýär. Bu wezipe Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň kosmos işi ulgamyndaky döwlet syýasatynyň esaslary baradaky......

28.06.2026 20:31
4.1k+

Rekord derejeli magnit tupany Ýeriň öz goragyny nädip gowşadýandygyna düşünmäge kömek etdi

2024-nji ýylyň maýynda planeta inen we soňky ýigrimi ýylda iň güýçlüsi bolan magnit tupany ýaponiýaly fiziklere möhüm açyş etmäge kömek etdi. Alymlar geomagnit tolgunmalary wagtynda Ýeriň tebigy magnit......

27.06.2026 10:53
2.1k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......