Indi koronawirusy smartfonyň kömegi bilen hem anyklap bolar

  • 12.02.2021 15:31
  • 17k+

Fransiýanyň Lill uniwersitetiniň alymlary smartfonyň kömegi bilen koronawirusy anyklamak üçin niýetlenen ýörite test synagyny döretdiler. Munuň üçin diňe fleş disk görnüşindäki enjam gerek diýip, msn.com habar berdi.

Alymlaryň täze oýlap tapyşy synagy öýde geçirmäge-de mümkinçilik berer. Munuň üçin ýörite enjamy smartfonyň birikdirijisine çatmaly. Soňra enjama bir gezeklik mata bölegini goýmaly. Burundan alnan nusgalary şol mata bölejigine ýerleşdirmeli. Enjam nusgalary 10 minutda seljerýär we synagyň netijesini smartfonyň ekranynda görkezýär.
Synagyň takyklygynyň 90 göterime deňdigi aýdylýar. Enjam kliniki synagdan eýýäm geçirildi we onuň geljekde kämilleşdirilip, tüýkülik nusgalarynda hem işlemegine garaşylýar.

şu gün 10:53
883

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

şu gün 09:54
2.3k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

düýn 23:53
3.8k+

Meksikanyň jeňňelliklerinde maýýalaryň ozal näbelli şäheri tapyldy

Halkara arheologlar topary Meksikanyň günortasyndaky Kampeçe ştatynda ýerleşýän Kalakmul biosfera goraghanasynda ozal näbelli bolan maýýa şäherini ýüze çykardy. «Minanbe» diýlip atlandyrylan bu şäher sebitiň......

düýn 23:37
3.2k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......