Bezos Amazon-yň baş direktory wezipesinden gider

  • 04.02.2021 08:45
  • 8.8k+

Amazon amerikan korporasiýasyny esaslandyryjy Jeff Bezos 2021-nji ýylda baş direktor wezipesinden gidip, direktorlar geňeşiniň ýerine ýetiriji başlygynyň wezipesini eýelär. Bu barada kompaniýanyň metbugat gullugy öz saýtynda habar berdi. Muny TASS ýetirýär.

“Esaslandyryjy we baş direktor Jeff Bezos 2021-nji ýylyň üçünji çärýeginde direktorlar geňeşiniň ýerine ýetiriji başlygynyň wezipesine geçer, onuň ornuny Endi Ýassi eýelär” – diýlip, habarda aýdylýar.

Bezos işgärlere iberen hatynda Amazon-yň möhüm taslamalaryna – täze önümleri we başlangyçlary ösdürmäge gatnaşmagy dowam etdirmekçidigini ýazdy. Şol bir wagtyň özünde ol beýleki taslamalaryna – Blue Origin kosmiki kompaniýasyna, “The Washington Post” gazetine, Earth Fund gaznasyna köp üns berip biljekdigini belledi. 
Ýassi Amazon kompaniýasyna 1997-nji ýylda goşuldy. Ol Amazon Web Services bulut hasaplamalary bölümine 2006-njy ýylda döredilen gününden bäri ýolbaşçylyk edýär. AWS kompaniýanyň operasion girdejisiniň köp bölegini – 2020-nji ýylyň dördünji çärýeginiň jemi boýunça 52 göterimini emele getirýär.
“Forbes” žurnalynyň maglumatlaryna görä, häzirki wagtda Bezos dünýäde iň baý adamdyr. Onuň baýlygy 196,2 mlrd dollar bilen bahalandyrylýar.

şu gün 12:08
171

LG Electronics kompaniýasynyň paýnamalary ýylyň başyndan bäri 300% ýokarlandy

LG Electronics kompaniýasynyň paýnamalary ýylyň başyndan bäri takmynan 300 göterim gymmatlady. Bloomberg-iň habar bermegine görä, nyrhlaryň bu derejede çalt ýokarlanmagy maýadarlaryň kompaniýanyň robototehnika......

şu gün 12:03
831

Tramp Ak tamyň çäklerinde geçiriljek turnire taýýarlyk wagtynda UFC-niň eýesiniň paýnamalaryny satyn aldy

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Ak tamyň çäklerinde geçirilmegi meýilleşdirilýän «UFC Freedom 250» turnirini işjeň mahabatlandyryp başlamazdan biraz öň, TKO Group Holdings (UFC we WWE guramalarynyň eýesi)......

31.05.2026 18:06
2k+

NYT: Anthropic dünýäniň iň gymmat emeli aň startapy boldy

Anthropic kompaniýasy bazar bahasy boýunça özüniň iň esasy bäsdeşi bolan OpenAI kompaniýasyny yzda galdyryp, dünýäniň emeli aň maksatly iň gymmat startapyna öwrüldi. Bu barada Amerikanyň meşhur The New York......

30.05.2026 08:05
3.2k+

Burberry brendi täze mahabat kampaniýasyny futbol medeniýetine bagyşlady

Britaniýanyň «Burberry» brendi 2026-njy ýylyň güýz-gyş möwsümi üçin futbol we janköýerleriň medeniýetinden ylham alan «A Good Sport» atly kampaniýasyny hödürledi....