R.Meredow Koreýa Respublikasynyň Ilçisi bilen duşuşdy

  • 04.12.2020 13:31
  • 2.6k+

3-nji dekabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň ýurdumyzda öz diplomatik işini tamamlaýan Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Çin Ki Hun bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.  

Duşuşygyň başynda ministr ikitaraplaýyn gyzyklanma bildirilýän ähli ugurlar boýunça türkmen-koreý gatnaşyklarynyň ösüşine goşan goşandy üçin Ilçä minnetdarlyk bildirdi.
Şeýle hem söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň ýokary derejesi aýratyn bellendi. Diplomatlar ykdysadyýetiň dürli ugurlary boýunça bilelikdäki iri taslamalaryň üstünlikli amala aşyrylýandygy barada aýtdylar.   
Medeniýet, bilim we sport ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyga aýratyn üns çekildi. 
Duşuşygyň ahyrynda Ilçi özüniň iki ýurduň arasyndaky özara gatnaşyklaryň berkidilmegine gönükdirilen Türkmenistandaky diplomatik işini amala aşyrmakda beren ählitaraplaýyn goldawy we ýardamlary üçin türkmen tarapyna minnetdarlygyny bildirdi.

 

düýn 22:54
566

Misiň dünýä bazaryndaky nyrhy önümçilikdäki bökdençlikler sebäpli gymmatlaýar

Dünýä bazarlarynda misiň bahasy bir tonna üçin 14 000 dollardan geçip, taryhy iň ýokary derejesine golaýlady. Bloomberg agentliginiň habar berşi ýaly, nyrhlaryň beýle çalt ýokarlanmagyna magdan känlerindäki......

düýn 22:49
1.3k+

Narendra Modi hindistanlylary bir ýyllap altyn satyn almazlyga çagyrdy

Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi halka ýüzlenip, iň bolmanda bir ýyl möhlet bilen altyn satyn almakdan saklanmaga çagyrdy. Hökümet baştutanynyň pikiriçe, bu çäre dünýä ykdysadyýetindäki durnuksyzlyk......

12.05.2026 20:41
11k+

ABŞ-nyň awtoulag senagaty Trampdan bazary hytaý awtoulaglaryna açmazlygy soraýar

Amerikan awtoulag öndürijileri, üpjün edijileri, polat guýujy kompaniýalary, kärdeşler arkalaşyklary we kanun çykaryjylar ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampy ABŞ bazarynyň hytaý awtoulaglary üçin açylmagyna ýol......

12.05.2026 20:15
1.6k+

Aşgabatda «Agro Pack Turkmenistan – 2026» halkara sergisi geçirilýär

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda oba hojalyk harytlarynyň we azyk senagatynyň «Agro Pack Turkmenistan – 2026» atly halkara sergisi açyldy. Bu ýerde ýerli we daşary ýurtlaryň işewür......