Eýranyň GDA ýurtlaryna eksporty 692 million dollara barabar boldy

  • 24.11.2020 21:07
  • 6.4k+

Häzirki eýran senenama ýylynyň birinji ýarymynda (2020-nji ýylyň 20-nji martynda başlady) Eýrandan GDA ýurtlaryna eksportyň göwrümi 692 million dollara barabar boldy diýip, Eýranyň Söwdany ösdürmek boýunça agentliginiň Ýewropa we Amerika işleri bölüminiň ýolbaşçysy Behruz Olfat aýtdy. Muny IRNA habarlar agentligi ýetirýär.

“GDA-nyň 12 ýurdunyň arasynda Eýranyň Belarusa, Ukraina, Gazagystana, Russiýa, Täjigistana we Moldowa eksporty, degişlilikde, geçen ýylyň degişli döwrüne garanda ýokarlandy, Gruziýa, Türkmenistana, Ermenistana, Özbegistana, Gyrgyzystana we Azerbaýjan Respublikasyna eksportyň göwrümi azaldy” – diýip, Olfat belleýär.

Onuň aýtmagyna görä, şu ýylyň alty aýynda Eýranyň eksportynyň umumy göwrümi 13,566 milliard dollar boldy.
Şu ýylyň ýedi aýynda Eýranyň daşary söwdasynyň umumy göwrümi 38 milliard 278 million dollara barabar boldy. Agram nukdaýnazaryndan, daşary söwdanyň göwrümi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 17,5% azalyp, 85 million tonna barabar boldy.

düýn 16:01
1.3k+

BAE OPEK we OPEK+ nebit bileleşiginden çykýar

Birleşen Arap Emirlikleri (BAE) 1-nji maýdan başlap, OPEK we OPEK+ bileleşiginden çykýar diýip, Reuters habar berýär....

düýn 15:42
830

Türkmenistanda Müsüriň täze ilçisi işe başlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa Müsür Arap Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hamdi Şaaban......

düýn 15:09
874

Türkmenistanyň DIM-inde ýylyň başyndan bäri alnyp barlan daşary syýasy işleriň jemleri jemlendi

28-nji aprelde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow ýylyň başyndan bäri ýurduň halkara işjeňliginiň möhüm wakalaryna bagyşlanan brifing geçirdi. Bu barada daşary syýasat edarasynyň metbugat......

düýn 08:12
1.7k+

Türkmenistanyň Ilçisi Moldowa Respublikasynyň DIM-iniň Döwlet sekretary bilen duşuşdy

28-nji aprelde Kişinýewde iş sapary bilen bolan Türkmenistanyň Moldowa Respublikasyndaky Ilçisi T.Ataýew (oturýan ýeri Kiýew şäheri) Moldowanyň Daşary işler ministrliginiň Döwlet sekretary S.Mihow we......