Türkmenistanda 2021-nji ýylda jemi içerki önümiň 6%-den gowrak artmagyna garaşylýar

  • 22.10.2020 15:53
  • 3.5k+

Düýn Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysady topluma gözegçilik edýän orunbasary G.Müşşikowyň, maliýe we ykdysadyýet ministri M.Serdarowyň hem-de Merkezi bankyň başlygy M.Annadurdyýewiň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Onuň dowamynda ýurdumyzyň halk hojalyk toplumyny mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen möhüm wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem 2021-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasynyň taýýarlanylyşy hakyndaky hasabatlar diňlenildi.
Merkezi bankyň başlygy M.Annadurdyýewiň geljek ýylda daşary söwda dolanyşygynyň garaşylýan görkezijileri baradaky maglumatlary hasabatyň özenini düzdi.
Halk hojalygy toplumynyň pudaklarynyň karz serişdelerine bolan zerurlyklaryny kanagatlandyrmak maksady bilen, karz edaralaryň hususy we çekilen serişdeleriniň, şol sanda daşary ýurt banklaryndan we maliýe guramalaryndan alnan karz serişdeleriň gönükdirilmegi göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen birlikde, hyzmat ediji karz edaralary tarapyndan pudaklara goýberilýän karz serişdeleriň doly we maksada laýyk ulanylyşyna berk gözegçilik ediler.
Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ykdysadyýetimiziň esasy pudaklaryny ösdürmek üçin gönükdirilýän karz serişdeleriniň öz wagtynda gaýtarylmagy bilen baglanyşykly meseleleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Wise-premýer G.Müşşikow milli Liderimiziň 2021-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň hem-de Türkmenistanyň maýa goýum maksatnamasynyň taslamalaryny işläp taýýarlamak boýunça beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Geljek ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasyna laýyklykda, ýurdumyzyň jemi içerki önüminiň hereket edýän nyrhlardaky möçberi 174,7 milliard manat we ösüş depgini deňeşdirme nyrhlarynda 6,2 göterim derejede göz öňünde tutulýar.
Dünýä bazarynda çig nebitiň bahasynyň üýtgäp durýandygyny nazara alyp, geljek ýyl üçin nebitgaz toplumynyň görkezijileri we býujeti düzülende, nebitiň ortaça bahasyndan ugur alyndy. Ähli ministrliklerden we pudak edaralaryndan gelip gowşan maglumatlar seljerilip, ýurdumyzyň 2021-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň girdejileriniň we çykdajylarynyň möçberleri jemlenildi.
Gurbanguly Berdimuhamedow dünýädäki çylşyrymly ýagdaý bilen baglylykda, ykdysadyýetiň esasy pudaklarynyň ösüşini goldamaga we 2021-nji ýylda jemi içerki önümiň 6 göterimden gowrak derejede artmagy üçin durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen makroykdysady syýasatyň durmuşa işjeň geçirilmelidigini belledi.

düýn 16:01
1.3k+

BAE OPEK we OPEK+ nebit bileleşiginden çykýar

Birleşen Arap Emirlikleri (BAE) 1-nji maýdan başlap, OPEK we OPEK+ bileleşiginden çykýar diýip, Reuters habar berýär....

düýn 15:42
853

Türkmenistanda Müsüriň täze ilçisi işe başlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa Müsür Arap Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hamdi Şaaban......

düýn 15:09
891

Türkmenistanyň DIM-inde ýylyň başyndan bäri alnyp barlan daşary syýasy işleriň jemleri jemlendi

28-nji aprelde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow ýylyň başyndan bäri ýurduň halkara işjeňliginiň möhüm wakalaryna bagyşlanan brifing geçirdi. Bu barada daşary syýasat edarasynyň metbugat......

düýn 08:12
1.7k+

Türkmenistanyň Ilçisi Moldowa Respublikasynyň DIM-iniň Döwlet sekretary bilen duşuşdy

28-nji aprelde Kişinýewde iş sapary bilen bolan Türkmenistanyň Moldowa Respublikasyndaky Ilçisi T.Ataýew (oturýan ýeri Kiýew şäheri) Moldowanyň Daşary işler ministrliginiň Döwlet sekretary S.Mihow we......