Paýdarlar "Senagat" bankynyň ygtyýarly maýasyny köpeltmek meselesine serederler

  • 22.10.2020 02:47
  • 8k+

21-nji noýabrda "Senagat" paýdarlar täjirçilik bankynyň Aşgabatdaky baş edarasynda paýdarlaryň nobatdan daşary umumy ýygnagy geçiriler. Onda karz edarasynyň ygtyýarly maýasyny köpeltmek meselesine serediler diýip, ORIENT habar berýär.

Açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bolan bankyň ygtyýarly maýasynyň köpelmegi dürli usullar, şol sanda goşmaça paýnamalar arkaly amala aşyrylyp bilner. Munuň özi gyzyklanýan taraplaryň köpüsi üçin karz edarasynyň gymmatly kagyzlaryny satyn almak mümkinçiligini açar.
"Senagat" paýdarlar täjirçilik bankynyň paýdarlarynyň adatdan daşary umumy ýygnagynyň yglan edilmegi Türkmenistanda AGPJ derejeli täze bankyň - "Halkbank" açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň peýda bolmagy bilen baglylykda ýaýradyldy. Indi ýurtda üç sany paýdarlar täjirçilik banky bar, olardan "Rysgal" PTB bu derejäni ilkinji bolup aldy.

şu gün 23:15
401

Ministrler Kabinetinde Türkmenistanyň dört aýda durmuş-ykdysady ösüşiniň jemleri jemlendi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetiň pudaklarynyň 2026-njy ýylyň ilkinji dört aýynda bitiren işleriniň jemleri......

düýn 20:14
1.4k+

Raşid Meredow TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary bilen duşuşdy

30-njy aprelde Aşgabatda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň we Türki medeniýetiniň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Sultan Raýewiň arasynda gepleşikler geçirildi. Bu barada daşary......

düýn 17:05
2.1k+

Aşgabatda dördünji Duşenbe suw maslahatyna görülýän taýýarlyk boýunça brifing geçirildi

Türkmenistanyň paýtagtynda 2018 — 2028-nji ýyl­lar üçin “Suw dur­nuk­ly ösüş üçin” diýen halkara hereketleriň on­ýyl­ly­gynyň çäklerinde geçiriljek dördünji ýokary derejeli halkara maslahatyna taýýarlyk......

düýn 16:01
2.4k+

Türkmenistanyň Prezidenti Seýşeller Respublikasynyň DIM-iniň ýolbaşçysyny kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabada sapar bilen gelen Seýşeller Respublikasynyň daşary işler we diaspora ministri Barri Fory kabul etdi....