Koronawirusa garşy sanjymlaryň netijeliligi, azyndan, 50% bolmaly — BSGG

  • 02.09.2020 19:04
  • 9k+

Dürli ýurtlarda işlenip düzülýän täze koronawirusa garşy sanjymlar, azyndan, 50% ýagdaýda netije görkezmelidir. Bu barada brifingde BSGG-niň esasy ylmy işgäri Sumýa Swaminatan mälim etdi diýip, TASS habar berýär.

"Howpsuz hasaplanmak üçin sanjym 50% ýagdaýda netijelilik bilen baglanyşykly ölçeglere laýyk gelmelidir. 30% ýa-da ondan hem pes netijeli sanjymlar hasaba alyş ygtyýarnamasyny almasa-da bolýar" - diýip, Swaminatan belleýär.

BSGG-niň berýän maglumatlaryna görä, häzirki wagtda dünýäde koronawirusa garşy göreşmek üçin 170-e golaý sanjym işlenip taýýarlanylýar.

düýn 23:54
1k+

Ýumurtga we bagyr iýmeklik Alsgeýmer keseliniň döremek howpuny azaldýar - alymlar

Bedende holiniň ýetmezçiligi beýnä duýdansyz zyýan ýetirip biler. Amerikaly alymlar bu madda baý önümleri, esasanam, ýaşlykda ýeterlik mukdarda iýmegiň beýniniň zeperlenmesini haýalladyp biljekdigini ýüze çykardylar...

05.12.2025 17:46
4.3k+

Germaniýanyň Geýdelberg klinikasynyň professory türkmen lukmanlary bilen tejribe alyşýar

Germaniýanyň Geýdelberg uniwersitet klinikasynyň professory Arianeb Mehrabi türkmen kärdeşleri bilen tejribe alyşmak üçin Türkmenistanda iş saparynda bolýar. Dünýä belli klinikanyň lukmany Arkadag şäheriniň köpugurly hassahanasyna baryp gördi we ol ýerde böwregi transplantasiýa edilen näsaglary lukmançylyk barlagyndan geçirdi...

04.12.2025 16:16
6.6k+

Türkmenistanda pandemiýalara taýýarlyk boýunça tejribe okuwlary geçirildi

1-3-nji dekabr aralygynda Aşgabatda Pandemiýalaryň öňüni almak, oňa taýýarlyk, jogap bermek we soňky dikeldiş boýunça Türkmenistanyň Hereketleriň Milli meýilnamasynyň (HMM) taslamasyny jemlemäge gönükdirilen PanPRET atly okuw maslahatlary geçirildi...

26.11.2025 12:04
7.9k+

Lancet: Aşa işlenen önümler adamyň ähli organlaryna diýen ýaly zyýan berýär

"Lancet" lukmançylyk žurnalynda çap edilen birnäçe biologik gözlegler aşa işlenip taýýarlanan iýmitleriň adamyň ähli organlaryna diýen ýaly ýaramaz täsir edip bilýändigini we ikinji görnüşli süýji keseli we beýleki keselleriň döremek howpuny ýokarlandyrýandygyny görkezdi...