Дети могут играть существенную роль в распространении вируса

  • 29.08.2020 18:21
  • 17k+

Günorta Koreýadan lukmanlar koronawirusy esasy ýaýradyjylaryň çagalardygyny aýtdylar. Olaryň geçiren barlaglaryna laýyklykda, COVID-19 ýüze çykarylan çagalaryň organizmi olarda keseliň görünýän alamatlary ýok bolsa-da, iki-üç hepdäniň dowamynda köp sanly wirus bölejiklerini işläp çykarmagyny dowam etdirýär. Barlag işiniň netijeleri “Jama Pediatrics” ylmy žurnalynda neşir edildi. Bu barada don24.ru habar berýär.

Çagalaryň ululardan tapawutlylykda, koronawirus bilen seýrek keselleýändikleri we keseli ýeňil geçirýändikleri bellidir. Ýöne olaryň wirusy ýaýratmakda esasy roly ýerine ýetirip bilýändikleri anyklanyldy.
Ýagny, Tegu günorta koreý şäherinde köpçülikleýin barlagdan geçirme işiniň üsti bilen lukmanlar okuwçylaryň arasynda koronawirus bilen kesellemegiň birbada 91 ýagdaýy barada bildiler. Çagalary, olaryň köpüsiniň wirusy alamatsyz geçirendiklerine garamazdan, hassahana karantine iberdiler. Netijede, ýaş syrkawlaryň organizminiň tas üç hepdäniň dowamynda wiruslary işläp çykarandygy anyklanyldy. Olar daş-töwerekdäkiler üçin howply bolýarlar. Ýaş syrkawlaryň fewralda we martda bu kesel bilen kesellän garyndaşlarynyň köpüsiniň hut özleriniň çagalaryndan, ýegenlerinden we agtyklaryndan kesellän bolmagy mümkin.
COVID-19 alamatly çagalaryň organizminde wirus ortaça 18-19 günüň dowamynda, wirusy alamatsyz geçirijileriň arasynda bolsa 14 günüň dowamynda saklanýar.
Şeýlelik bilen, çagalar wirusy ýaýradyjylaryň esasylarynyň biri bolup bilýär. Bu ýagdaýy alymlar mekdepler açylanda we pandemiýa bilen göreş boýunça çäreler taýýarlananda göz öňünde tutmaly diýip hasaplaýarlar.

вчера 11:31
2.9k+

ВОЗ ожидает завершения вспышки хантавируса 2 июля

Всемирная организация здравоохранения (ВОЗ) заявила, что вспышка хантавируса может быть признана завершённой 2 июля, если к этому времени не будут выявлены новые случаи заболевания....

24.06.2026 18:05
2.7k+

ВОЗ: вспышка Эболы в ДР Конго стала крупнейшей в истории

Всемирная организация здравоохранения (ВОЗ) заявила, что текущая вспышка лихорадки Эбола в Демократической Республике Конго стала крупнейшей в истории по числу подтверждённых случаев за первый месяц после......

20.06.2026 12:08
7.6k+

Новое лекарство от потери волос помогло 80% участников исследования

Человечеству известно множество причин выпадения волос, однако эффективных средств борьбы с этим процессом по-прежнему крайне мало. В ходе новых клинических испытаний экспериментальный препарат в виде таблеток......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Правила здоровья в летнюю жару: рекомендации туркменских медиков

Летний сезон требует особого внимания к здоровью. Центр медицинской информации Министерства здравоохранения и медицинской промышленности Туркменистана выпустил свод правил для безопасного проведения лета....