AstraZeneca kompaniýasy COVID-19-a garşy sanjymyň synaglaryna başlady

  • 26.08.2020 19:02
  • 6k+

Beýik Britaniýada AstraZeneca farmaseptik kompaniýasy koronawirusa garşy sanjymyň birinji tapgyryna başlady. Bu barada kompaniýanyň metbugat gullugy habar berýär. Muny rossaprimavera.ru ýetirýär.

“AstraZeneca Beýik Britaniýada 18-den 55-e çenli ýaş aralygyndaky 48 meýletinçiniň gatnaşmagynda geçiriljek barlag işiniň serişdäniň howpsuzlygyna gönükdiriljekdigini habar berdi” – diýip, “The Guardian” neşiri ýazýar.

Sanjymy taýýarlamak işini AstraZeneca britan-şwed farmaseptik kompaniýasy Oksford uniwersitetiniň barlag geçirijileri bilen bilelikde alyp barýar. Bu serişde AZD7442 adyny aldy. Ol özünde iki antibedenjikleriň birleşmesini jemleýär. Kompaniýada serişdäniň “ýokary täsirlilik we ulanylyş dowamlylygy” bilen tapawutlanjakdygyny belleýärler.
Ýewropa Bileleşigi eýýäm britan farmaseptik kompaniýasyndan COVID-19-a garşy 400 mln doza sanjymy satyn almakçydygyny mälim etdi.
Ýatlap geçsek, öň AstraZeneca kompaniýasy sanjymyň kliniki synaglarynyň üçünji tapgyryny Russiýanyň territoriýasynda geçirmäge rugsat aldy. Barlag işine Peterburgyň we Moskwanyň dört sany lukmançylyk edarasynyň binýadynda 150 sany rus raýaty gatnaşar.

düýn 17:46
2k+

Beýik Britaniýada düwnük çişlerini ýok edýän sanjym synagdan geçirildi

Beýik Britaniýada «Amiwantamab» derman serişdesiniň kliniki barlaglary tamamlandy. Synaglaryň dowamynda kelläniň we boýnuň düwnük keseliniň agyr görnüşlerinden ejir çekýän hassalaryň käbirinde çişleriň ep-esli......

düýn 15:54
3.3k+

Hytaý dünýäde ilkinji bolup beýni implantynyň täjirçilik maksatly ulanylmagyna rugsat berdi

Hytaý dünýäde inwaziw «beýni–kompýuter» interfeýsiniň (Brain-Computer Interface, BCI) täjirçilik maksatly ulanylmagyny resmi taýdan tassyklan ilkinji ýurt boldy....

04.06.2026 07:25
4.9k+

Ýewropanyň saglygy goraýyş işgärleriniň tas üçden birinde düwnüge uçramak töwekgelçiligi bar

Ýewropanyň zähmet wezipelerinde howpsuzlyk we saglygy goramak baradaky agentliginiň (EU-OSHA) geçiren barlagy, Ýewropadaky lukmançylyk we durmuş üpjünçiligi pudagynyň işgärleriniň 29,5 göteriminiň iş......

03.06.2026 23:34
5.2k+

Parižiň golaýyndaky psihiatriýa hassahanasy näsaglary eşek terapiýasy arkaly bejerýär

Parižiň gündogaryndaky Wil-Ewrar hassahana toplumynda Fransiýada ýeke-täk eşek terapiýasy bölümi hereket edýär. Depressiýa, howsala, autizm, şizofreniýa we başga-da dürli keselli näsaglar bilen işleýän bu......