Kofe biržada iň çalt gymmatlaýan harytlaryň biri bolup çykdy

  • 12.08.2020 14:04
  • 9.7k+

Kakaodan we kofeden başlap, ösdürilip ýetişdirilýän çig mal harytlary bahasy babatda dünýäde iň çalt gymmatlaýan harytlar bolup çykdy diýip, «The Wall Street Journal» neşirine salgylanyp, Interfaks habar berýär.

Soňky aýyň içinde kakao fýuçersler ICE amerikan biržasynda 17%, ýagny metrik tonnasyna $2488-e çenli gymmatlady, şol wagtda kofe fýuçersler 14% ýokarlanyp, kilogramyna $2,47 töweregi gymmatlady. Pagta bilen şekere şertnamalar 1-nji maýdan bäri degişlilikde 10% we 19% gymmatlady.
Pandemiýanyň başynda bu harytlar lokdaunlaryň girizilmegi netijesinde ep-esli arzanlady. Mart aýynda kakao fýuçersler 17% pese gaçdy, pagta 18%, şeker 27% arzanlady. Kofe martyň ahyrynda biraz gymmatlady, ýöne mart-maý aýynyň içinde bahasynda 15%-i ýitirdi. Braziliýa, Wýetnam we Hindistan ýaly ýurtlar koronawirus ýaýrawyndan düýpli zyýan çekdiler.
Braziliýa kofeni we şekeri uly öndüriji bolup durýar. ABŞ-nyň Oba hojalyk ministrliginiň maglumatlary boýunça, bu latyn-amerikan ýurdy 2019-njy ýylda 59 mln halta kofe (1 halta = 60 kg), 647 mln metrik tonna şeker çiňrigini öndürdi. Hindistan 350 mln tonna şeker çiňrigini we 29,3 mln kip pagta (pagtanyň 1 kipi – 480 funt ýa-da 217,73 kg) öndürdi.
Käbir maýa goýujylar islegleri dikeltmegiň çäginde üpjünçilik işiniň çäklendirilmegi fýuçersleriň bahasynyň ýene-de ýokarlanmagyna getirer diýip hasaplaýarlar. Bu harytlara bahalaryň ösmegine getirýän ýene bir sebäp dollaryň gowşamagydyr.

şu gün 17:02
362

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

düýn 22:44
4.2k+

Bugatti sport awtoulagynyň bahasyndan golf taýaklaryny satýar

Bugatti kompaniýasy «Honma» ýapon firmasy bilen bilelikde işlenip düzülen golf aksessuarlarynyň täze hataryny tanyşdyrdy. Aýratyn taýaklaryň bahasy 3200 dollardan başlanýar, iň gymmat toplumyň bahasy bolsa 72......

düýn 08:37
6.6k+

Ýewropada her gün baýlygy 30 mln dollardan geçýän 20 täze millioner peýda bolýar

Soňky 5 ýylyň dowamynda Ýewropada aşa ýokary girdejili adamlaryň sany 25 göterim artdy. Knight Frank Wealth Report-uň täze hasabatyna görä, Ýewropa yklymynda baýlygy 30 million dollardan geçýän 183 953 adam......

22.06.2026 08:33
3.7k+

Farrell Uilýams we adidas magnit bagjykly täze krossowka modelini çykardy

Farrell Uilýams we adidas Originals täze «Virginia Vario Flat Earther» krossowka modelini tanyşdyrdy. Bu önüm sazandanyň «Virginia» atly döredijilik platformasynyň bir bölegi boldy diýip, «Hypebae» neşiri......