Ilon Mask milliarderleriň sanawynda Uorren Baffetden öňe geçdi

  • 12.07.2020 11:47
  • 6.8k+

SpaceX korporasiýasyny esaslandyryjy we Tesla kompaniýasynyň ýolbaşçysy Ilon Mask Bloomberg agentliginiň milliarderler reýtinginde ýedinji setiri eýeledi. Maskyň baýlygy $70,5 mlrd diýlip bahalandyrylýar. Bu barada regnum.ru habar berýär.

Şeýlelik bilen, Mask häzir onunjy orunda ýerleşýän Berkshire Hathaway maýa goýum gaznasynyň ýolbaşçysy Uorren Baffetden ($69,2 mlrd) öňe geçdi. Teslanyň ýolbaşçysyna $70,4 mlrd bilen reýtingiň sekizinji ornuny eýelän Google korporasiýasynyň esaslandyryjysy Sergeý Brinden we $70,2 mlrd bilen dokuzynjy orunda ýerleşen Reliance Industries hindi holdinginiň eýesi Mukeş Ambaniden hem öňe geçmek başartdy.
Reýtingiň birinji ornuny Amazon amerikan korporasiýasynyň ýolbaşçysy Jeff Bezos eýeleýär, ikinji orunda Microsoft korporasiýasyny esaslandyryjylaryň biri Bill Geýts, üçünji orunda Facebook kompaniýasynyň ýolbaşçysy Mark Sukerberg ýerleşýär.
Ýatlap geçsek, Baffet koronawirus pandemiýasy sebäpli ýüze çykan ykdysady çökgünligiň fonunda özüniň hususy serişdelerini satmaga we bazardan gitmäge başlady. Ýagny, Baffet Goldman Sachs amerikan maýa goýum gaznasynda öz ähli paýnamalaryny satdy. Bu bank dünýäde uly banklaryň biri hasaplanylýar. Şeýle-de, ol dört sany amerikan awiakompaniýalarynyň paýnamalaryny satdy.

düýn 23:22
324

Jeýkob Elordi Bleu de Chanel-iň täze atyrynyň ýüzi boldy

Akýor Jeýkob Elordi meşhur erkek atyry bolan Bleu de Chanel-iň resmi ilçisi boldy. Bu barada WWD neşiri habar berýär....

düýn 00:07
2.1k+

1X startapy ýylda 100 müň öý robotyny öndürjek zawod açdy

Norwegiýanyň 1X Technologies startapy Kaliforniýa ştatynyň Heýword şäherinde «Neo» atly gumanoid (adampisint) robotlary öndürýän zawodyny açdy....

11.05.2026 23:23
2.3k+

Warner Bros. Discovery $2,92 mlrd ýitgi çekdi

Warner Bros. Discovery (WBD) kompaniýasy 2026-njy ýylyň birinji çärýegi boýunça 2,92 milliard dollar möçberinde ýitgi çekendigi barada hasabat berdi. Ýitgileriň esasy bölegi Netflix bilen şertnamany ýatyrmak......

11.05.2026 18:18
1k+

Alibaba haryt gözlegini emeli aň bilen gürrüňdeşlige öwürýär

Alibaba kompaniýasy özüniň «Taobao» we «Tmall» elektron söwda platformalaryny täzelemäge taýýarlanýar. Kompaniýa haryt saýlamak we satyn almak işini gürrüňdeşlik arkaly amala aşyrmak üçin Qwen atly emeli aň......