Tokiodaky Olimpiýa oýunlary 2021-nji ýyla süýşürildi

Tokiodaky Olimpiýa oýunlary 2021-nji ýyla süýşürildi

Halkara Olimpiýa komiteti koronawirus ýokanjynyň pandemiýasy zerarly Tokiodaky tomusky Olimpiýa oýunlarynyň 2021-nji ýyla geçirilýändigini yglan etdi. Bu barada Euronews habar berýär. Mundan öň, Ýaponiýanyň premýer-ministri Sindzo Abe HOK-nyň prezidenti Tomas Bah bilen telefon arkaly söhbetdeşliginde ýaryşlary yza süýşürmegi teklip edipdi. Oýunlar 24-nji iýuldan 9-njy awgust aralygynda geçirilmelidi.
Sindzo Abe žurnalistlere şeýle habar berdi: «Häzirki ýagdaýy nazara alyp, biz Olimpiýa oýunlaryny bir ýyl yza süýşürmek kararyna geldik. HOK-nyň prezidenti Bah bu teklibi 100% goldady». Abeniň aýtmagyna görä, yza süýşürmek hakynda çözgüt tomaşaçylaryň we türgenleriň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen kabul edildi.
Mundan öň, Oýunlary yza süýşürmek teklibi bilen birnäçe döwletleriň olimpiýa komitetleri, şol sanda ABŞ, Kanada we Norwegiýa çykyş etdi. HOK Oýunlaryň Tokio – 2020 Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlary adyny saklap galjakdygyny belledi. Indiki ýyl Olimpiada şu ýyl meýilleşdirilen gerimlerde geçirilip bilner. Olary çäklendirmek meselesi indi maslahatlaşylar, diýip «Tokio – 2020-niň” guramaçylyk komitetiniň başlygy Ýosiro Mori belledi.