Sharp Ýaponiýada Teslany kazyýete berip, elektromobilleriň getirilmegini gadagan etmegi talap edýär

  • 21.03.2020 23:12
  • 3.7k+

Sharp ýapon kompaniýasy hukuk meýdançasynda işjeňleşdi. Soňky aýlaryň dowamynda Sharp birnäçe kompaniýalary tehnologiýalaryň ogurlanmagynda ýa-da patentleri ygtyýarsyz ulanmakda aýyplap, olaryň üstünden arza berdi. Ýaňy-ýakynda bolsa, arzanyň astyna Tesla kompaniýasynyň hem düşendigi belli boldy. Bu barada 3dnews.ru habar berýär.
Nikkei ýapon habarlar agentligi Osaka şäherindäki Sharp bölüminiň Tokiýanyň kazyýet okrugyna Tesla kompaniýasynyň ýapon bölüminiň üstünden arza berendigini habar berdi. Tabşyrylan resminamada Sharp amerikan elektromobilleri öndürijisiniň kompaniýanyň aragatnaşygyň bort enjamlaşdyrylmasyna degişli patentini bozandygyny nygtaýar.
Teslanyň bu düzgün bozmasyna garşy görülýän çäre hökmünde Sharp kompaniýasy kazyýetden kompaniýanyň elektromobiliniň üç modeliniň ýurda getirilmegini gadagan etmegi haýyş edýär. Sharp kompaniýasy öň awtomobil elektronikasyndan başlap, elektron komponentleriniň giň spektrini taýýarlamak işleri bilen we olaryň önümçiligi bilen meşgullanýardy. Meselem, 2007-nji ýylda bu Sharp-yň we Pioneer kompaniýasynyň işiniň esasy maksatlarynyň biridi. Tiz wagtdan 2008-nji ýylyň çökgünligi we Ýaponiýanyň ykdysadyýetiniň umumy pese düşmegi kompaniýalaryň bilelikdäki işine atanak goýdy, ýöne muňa garamazdan, patentde käbir zatlar saklanyp galdy.
Täze ýylyň başyndan bäri Sharp Vizio, Oppo hem-de telewizion panellerini we önümlerini öndüriji beýleki birnäçe kompaniýalaryň üstünden patent arzalaryny berdi. Ýapon öndürijisi olary LCD-panelleriniň önümçiligine degişli bolan 12 patenti bozmakda aýyplaýar. Tesla garşy arza Sharp-y awtomobilleriň senagat dünýäsine “çümdürýär”. Ilon Maskyň we kompaniýanyň muşdaklarynyň aýtmagy boýunça Tesla-nyň elektromobilleri – bu gajetler ahyryn.

şu gün 12:37
3.2k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

düýn 18:53
10k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

düýn 09:31
5.8k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......

20.06.2026 14:57
7.4k+

Kamçatkanyň kenarýakalarynda bir gije-gündizde 30-dan gowrak ýertitreme boldy

Kamçatkanyň gündogar kenarýakasynyň çäklerinde 19-njy we 20-nji iýunda magnituda güýji 6,9-a çenli ýeten yzygiderli ýer titremeleri hasaba alyndy....