Lukmanlar ýyly suwuň peýdasyny düşündirdiler

  • 11.02.2020 22:36
  • 6.9k+

Organizme suwuklyk ýetmese, ol işlemegini bes edip bilýär. Ýyly suwuň saglyk üçin peýdasy örän köp.
Onuň kabul edilmegi bilen nähili özgertmeleriň boljakdygy barada “Change-e» portalyna salgylanmak bilen cursorinfo.co.il informasion agentligi habar berýär.
Madda çalşygynyň gowulanmagy. Ýyly suw içmek bilen metabolizm has gowy ýagdaýda bolup geçýär. Ol maddalaryň sagdyn çalşygy üçin möhüm. Bu bolsa organizmiň köp sanly ulgamlarynyň işine oňaýly täsir eder. Aşgazany we beýleki organlary işe girizmek üçin, her güni ertirine ýyly suw içmek bilen başlamaly. Bu oýanmaga hem gowy kömek edýär.
Ýyly suwuň iýmiş siňdiriş prosesine hem peýdasy bar. Onuň içilmegi bu prosesi ýeňilleşdirýär.
Sowuklamadan dynmak. Ýyly suwuň kömegi bilen sowuklamadan, üsgülewükden we bokurdak agyrysyndan ýeňillik bilen gutulmak bolýar. Ol gakylygy aýyrmaga, ony dem alyş ýollaryndan çykarmaga we bokurdakdaky agyryny ýeňilleşdirmäge kömek edýär. Mundan başga-da, dümewden aýrylmak üçin burny hem ýyly suw bilen ýuwmaly.
Detoksikasiýa. Ýyly suw detoksikasiýa prosesi bilen göreşmekde gowy serişde. Şeýle ýagdaýda bedeniň temperaturasy ýokarlanyp başlaýar, bu bolsa derlemä getirýär. Ýyly suwuň kömegi bilen ähli toksinler organizmden çykýar we organizm arassalanýar. Şeýle maksatlar üçin limonly ýyly suwy içmek has hem netijelidir.
Garrama prosesiniň haýallanmagy. Garrama prosesini haýallatmak üçin hem ýyly suwy içmek peýdaly. Suw deriniň öýjüklerini dikeltmäge, özüňi ýeňil duýmaga kömek edýär. Deri ýyly suwuň hasabyna has ýylmanak, tämiz we owadan bolýar. Suw bedeniň öýjüklerini arassalap, infeksiýanyň käbir sebäplerini ýok edip bilýär.
Saçlaryň owadanlygy. Ýyly suwuň kömegi bilen saçyň owadanlygyny gazanmak bolýar, ýagny saçlar ýumşak we diýen ediji bolýarlar. Suw saçyň düýbündäki nerw öýjüklerini işjeňleşdirýär, bu bolsa saçyň ýaşaýşy we ösüşi üçin, şeýle-de olaryň sagdynlygy üçin diýseň peýdaly. Saçy ýyly suw bilen ýuwsaň, ol has çalt ösýär.
Gan aýlanyş. Ýyly suw içmek bilen gan aýlanyş gowulanýar. Bu bolsa myşsalaryň we nerwleriň sagdynlygy we dogry işleýşi üçin örän möhüm. Ýyly suw nerw sistemasynyň işini hem gowulandyrýar, onuň töweregindäki ýag gatlaklaryny ýok edýär.

05.12.2025 17:46
4.2k+

Germaniýanyň Geýdelberg klinikasynyň professory türkmen lukmanlary bilen tejribe alyşýar

Germaniýanyň Geýdelberg uniwersitet klinikasynyň professory Arianeb Mehrabi türkmen kärdeşleri bilen tejribe alyşmak üçin Türkmenistanda iş saparynda bolýar. Dünýä belli klinikanyň lukmany Arkadag şäheriniň köpugurly hassahanasyna baryp gördi we ol ýerde böwregi transplantasiýa edilen näsaglary lukmançylyk barlagyndan geçirdi...

04.12.2025 16:16
6.5k+

Türkmenistanda pandemiýalara taýýarlyk boýunça tejribe okuwlary geçirildi

1-3-nji dekabr aralygynda Aşgabatda Pandemiýalaryň öňüni almak, oňa taýýarlyk, jogap bermek we soňky dikeldiş boýunça Türkmenistanyň Hereketleriň Milli meýilnamasynyň (HMM) taslamasyny jemlemäge gönükdirilen PanPRET atly okuw maslahatlary geçirildi...

26.11.2025 12:04
7.9k+

Lancet: Aşa işlenen önümler adamyň ähli organlaryna diýen ýaly zyýan berýär

"Lancet" lukmançylyk žurnalynda çap edilen birnäçe biologik gözlegler aşa işlenip taýýarlanan iýmitleriň adamyň ähli organlaryna diýen ýaly ýaramaz täsir edip bilýändigini we ikinji görnüşli süýji keseli we beýleki keselleriň döremek howpuny ýokarlandyrýandygyny görkezdi...

23.11.2025 20:23
5.7k+

Alymlar süňkleriň öz-özüni dikeltmegine kömek etmegiň ýoluny tapdylar

Alymlar köp ýyllardan bäri süňk dykyzlygynyň peselýän we döwülme howpuny ýokarlandyrýan kesel bolan – osteoporoz keselini öwrenýärler. Häzirki dermanlar süňk dokumasynyň ýumrulmagyny haýalladýar ýa-da gysga wagtlyk onuň ösüşini höweslendirýär, emma käbirleri ýaramaz täsirleri döredýär...