Tim Szýu WBO International guşagyny eýeledi
Awstraliýaly boksçy Tim Szýu orta agram derejesinde WBO International çempiony tituly ugrundaky tutluşykda albaniýaly boksçy Denis Nurjuny ýeňdi....
Awstraliýaly boksçy Tim Szýu orta agram derejesinde WBO International çempiony tituly ugrundaky tutluşykda albaniýaly boksçy Denis Nurjuny ýeňdi....
Bütindünýä boks assosiasiýasynyň (WBA), Bütindünýä boks guramasynyň (WBO) we Halkara boks federasiýasynyň (IBF) ýarym agyr agram boýunça dünýä çempiony, russiýaly Dmitriý Biwol germaniýaly Mihael Eýfert bilen......
Alymlar sportuň kontaktly görnüşleri bilen meşgullanmagyň ýetirýän täsiriniň köp ýyllap saklanyp biljekdigini anykladylar. Ylmy barlaglar beýniniň gorag böwediniň sport karýerasy tamamlanandan soň hem onlarça ýyllap zeperli bolup galýandygyny görkezdi...
5-nji aprelde Awstraliýanyň Wullongong şäherinde boks agşamy geçiriler. Onuň esasy duşuşygynda birinji orta agramda öňki dünýä çempiony, awstraliýaly Tim Szýu bilen ýeňilmedik alban boksçysy Denis Nurja duşuşar...
Ukrain boksçysy Aleksandr Usik 2026-njy ýylyň ýazynda nederlandly Riko Werhuwene garşy uly söweş geçirer diýip, Ring žurnaly habar berýär. Resmi taýdan "Glory in Giza" diýlip atlandyrylan söweşi 23-nji maýda geçirmek meýilleşdirilýär...
Boks äleminiň iň garaşylýan duşuşyklarynyň biri tassyklandy: ýaponiýaly meşhur boksçylar Naoýa «Monstr» Inoue we Dzýunto Nakatani ikinji iň ýeňil agram derejesinde dünýäniň absolýut çempiony diýen at ugrunda ringe çykarlar...
Floýd Meýwezer we Menni Pakýao 2026-njy ýylyň 19-njy sentýabrynda ikinji gezek duşuşar. Söweş Las-Wegasdaky Sphere arenasynda geçiriler, Netflix striming hyzmaty bolsa söweşi göni ýaýlymda görkezer. Habar berlişine görä, bu tutluşyk soňky ýyllarda iki boksçynyň gatnaşan görkezme söweşlerinden tapawutlylykda, professional boks duşuşygy bolar...
Bütindünýä boks geňeşi (WBC) çempionlyk ýüzüginiň yzy bilen 2026-njy ýylyň WBC dünýä çempionatynyň esasy wakasyna bagyşlanan zynjyr bilen kulony hödürledi. Bu şaý-sepiň dizaýny WBC-niň ýaşyl boks elligi görnüşinde ýerine ýetirildi we ak altyndan ýasalyp, 800-den gowrak daşda ýerleşdirilen umumy agramy 18,9 karat töweregi zümerret we göwher daşlary bilen bezeldi...
Britaniýaly belli boksçy Taýson Fýuri we asly russiýaly Arslanbek Mahmudow aprel aýynda boljak uly söweşiň öňüsyrasynda ilkinji gezek Londonda duşuşdylar. Iki boksçynyň "bakyşlaryň çaknyşygy" dabarasy söweşe bolan gyzyklanmany has-da artdyrdy...
Boks boýunça öňki dünýä çempiony Taýson Fýuri 11-nji aprelde russiýaly Arslanbek Mahmudow bilen duşuşar. Bu barada britaniýaly boksçy özüniň Instagram sahypasynda habar berdi. «Bu resmi habar. Men öz halaýan işime dolanýaryn» – diýip, Fýuri ýazdy...
Netflix boks boýunça dünýäniň öňki absolýut çempiony Saul «Kanelo» Alwares barada doly göwrümli dokumental filmi çykarmagy meýilleşdirýändigini habar berdi. Filmiň önümçiligi bilen «Golden Steýt» klubunyň basketbolçysy Stefen Karri tarapyndan 2018-nji ýylda esaslandyrylan «Unanimous Media» kompaniýasy meşgullanar...
IBF, WBA, WBO we IBO boýunça superagyr agramda öňki dünýä çempiony Entoni Joşua amerikaly bloger-boksçy Jeýk Pola garşy söweş üçin gazanan hakyndan, takmynan, 48,6 mln dollar salgyt tölemeli bolar. Bu barada Yahoo Sports habar berýär...
Prezident Serdar Berdimuhamedow Dubaý şäherinde sportuň boks görnüşi boýunça geçirilen dünýä çempionatynda üstünlik gazanan Baýramdurdy Nurmuhammedowy pul baýragy bilen sylaglamak hakynda Buýruga gol çekdi. 2025-nji ýylyň 30-njy noýabry — 14-nji dekabry aralygynda Birleşen Arap Emirliklerinde geçirilen dünýä birinjiliginde türkmen türgeni 3-nji orna we bürünç medala mynasyp boldy...
Britaniýaly boksçy, superagyr agramda öňki birleşdirilen dünýä çempiony Entoni Joşua amerikaly bloger we boksçy Jeýk Poldan üstün çykdy. Söweş 20-nji dekabrda ABŞ-nyň Maýami şäherindäki «Kaseýýa Sentr» arenasynda geçirilen ýaryşyň esasy wakasy boldy...
Ýeňilmedik amerikaly boksçy, bäş agram derejesinde dünýä çempiony Terens Krouford professional karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi. Türgen Bütindünýä boks assosiasiýasynyň (WBA), Bütindünýä boks guramasynyň (WBO), Halkara boks federasiýasynyň (IBF) we The Ring žurnalynyň titullarynyň eýesi bolmak bilen, 38 ýaşynda boksdan gidýär...
Baýramdurdy Nurmuhammedow 71 kilograma çenli agram derejesinde boks boýunça dünýä çempionatynda Türkmenistana bürünç medal getirdi. Dubaýda geçirilen bu ýaryş dünýäniň iň güýçli türgenlerini jemläp, Halkara boks assosiasiýasynyň (IBA) howandarlygynda möwsümiň esasy wakalarynyň birine öwrüldi...
Super agyr agramda boks boýunça iki öňki dünýä çempiony, britaniýalylar Taýson Fýuri bilen Entoni Joşua 2026-njy ýylda Er-Riýadda köpden bäri garaşylan söweşi geçirer. Bu barada The Ring neşiri habar berdi. Olaryň duşuşygy geçiriljek wagty takyk kesgitlenmedik Riyadh Season ýaryşynyň esasy wakasy bolar...
Russiýaly Murat Gassiýew agyr agramda Bütindünýä boks assosiasiýasynyň (WBA) yzygiderli dünýä çempiony titulynyň eýesi boldy. Dubaýda geçirilen «IBA.PRO 13» ýaryşynyň esasy söweşinde ol bolgariýaly boksçy Kubrat Pulewden üstün çykdy...
Dünýäniň iň güýçli agyr agramly söweşijisi Aleksandr Usik indiki söweş üçin esasy garşydaşyň amerikaly Deonteý Uaýlder hasaplanýandygyny aýtdy. Bu barada ol Bangkokda geçirilen Bütindünýä boks geňeşiniň (WBC) konwensiýasy mahalynda mälim etdi...
Ukrainaly boksçy Aleksandr Usik Bütindünýä boks guramasynyň (WBO) dünýä çempiony titulyndan ýüz öwürdi. Bu barada guramanyň metbugat gullugy X sosial ulgamyndaky sahypasynda habar berdi. “WBO agyr agramda guşagyň geljegi bilen baglylykda Aleksandr Usigiň toparyndan resmi habarnama kabul etdi...
Agyr agramda öňki dünýä çempiony Entoni Joşua we amerikaly bloger hem boksçy Jeýk Pol 2025-nji ýylyň 19-njy dekabrynda resmi taýdan söweşer. Ilkibaşda Pol ýeňil agramda WBA-nyň çempiony Jerwonta Dewis bilen duşuşmalydy...
MMA-nyň russiýaly söweşijisi Fýodor Ýemelýanenko 2026-njy ýylda Kro Kop lakamy bilen tanalýan horwatiýaly Mirko Filipowiç bilen söweşjekdigini habar berdi. Söweş boks düzgünleri boýunça geçiriler diýip, ol “Gazeta...
Ikinji has ýeňil agramda (55,3 kg çenli) absolýut dünýä çempiony Naoýa Inoue (31 ýeňiş, 27-si nokaut bilen) 27-nji dekabrda Er-Riýadda söweş geçirer. Bu barada The Ring neşiri habar berdi. Ýaponiýaly boksçynyň garşydaşy 25 ýaşly ýeňilmedik meksikaly söweşiji Alan Pikasso bolar (32 ýeňiş, 17-si nokaut bilen)...
The Ring žurnaly boýunça amerikaly boksçy Terens Krouford agram derejesine garamazdan (p4p) dünýäniň iň gowy boksçylarynyň reýtinginde birinji orna çykdy. 14-nji sentýabrda Krouford emin agzalarynyň biragyzdan karara gelmeginde meksikaly Saul “Kanelo” Alwaresi ýeňip, ikinji orta agramda (76,2 kg çenli) absolýut dünýä çempiony titulyna eýe boldy...
14-nji sentýabrda Nagoýada (Aýti prefekturasy, Ýaponiýa) ikinji iň ýeňil agramda (55,2 kg çenli) absolýut dünýä çempiony ady ugrunda söweş geçirildi. Ringe titulyň häzirki eýesi ýaponiýaly Naoýa Inoue bilen özbegistanly boksçy Murojon Ahmadaliýew çykdy...
14-nji sentýabrda Las-Wegasdaky Allegiant Stadium arenasynda (Newada ştaty, ABŞ) professional boks agşamy geçirildi. Ikinji orta agramda (76,2 kg çenli) jedelsiz dünýä çempiony tituly ugrunda bolan esasy söweşde meksikaly Saul “Kanelo” Alwares bilen amerikaly Terens “Bad” Krouford duşuşdy...
Bütindünýä boks geňeşi (WBC) absolýut çempiony üçin taryhda ilkinji ýüzügi hödürledi. Ol ikinji orta agramda titulyň eýesi meksikaly Saul “Kanelo” Alwares bilen amerikaly Terens Kroufordyň arasyndaky söweşiň ýeňijisine berler...
14-nji sentýabrda Las-Wegasda (Newada ştaty, ABŞ) meksikaly Saul “Kanelo” Alwares bilen amerikaly Terens “Bad” Kroufordyň arasynda söweş geçiriler. Olar ikinji orta agramda (76,2 kg çenli) absolýut dünýä çempiony ady ugrunda göreşer...
Abraýly ESPN amerikan sport portaly XXI asyryň iň gowy 25 boksçysyny neşir etdi. ESPN-niň wersiýasyna görä, XXI asyryň iň gowy 25 boksçysy aşakdakylar boldy: Floýd Meýwezer-kiçi (XXI asyryň rekordy - 28-0). Menni Pakýao (35-6-3)...
Boks boýunça öňki absolýut dünýä çempiony Maýk Taýson X sosial ulgamynda bäş agram derejesinde öňki dünýä çempiony Floýd Meýwezer bilen geljekki söweşi yglan etdi. Söweşiň geçiriljek ýeri we senesi barada entek maglumat ýok...
Agyr agram derejesinde boks boýunça dünýäniň absolýut çempiony ukrainaly Aleksandr Usik Bütindünýä boks guramasynyň (WBO) wersiýasy boýunça dünýä çempiony adyny saklap galmak üçin täze zelandiýaly Jozef Parker bilen söweşmeli bolar...
19-njy iýuldan 20-nji iýula geçilen gije Las-Wegasdaky “Ti-Mobaýl Arenada” birinji orta agramda WBC-niň çempiony tituly üçin Tim Szýu bilen Sebastýan Fundoranyň arasynda boks söweşi geçirildi. Söweş ýedi raund dowam edip, amerikaly boksçynyň ýeňmegi bilen tamamlandy...
Sekiz agram derejesinde öňki dünýä çempiony Menni Pakýao Las-Wegasda amerikaly Mario Barrios bilen söweşdi. Söweş 12 raund dowam edip, deňme-deň tamamlandy. Şeýlelikde, 46 ýaşynda karýerasyny dikelden Pakýao 30 ýaşly Barriosdan ýarym orta agramda Bütindünýä boks geňeşiniň (WBC) çempiony titulyny alyp bilmedi...
Ukrainaly boksçy Aleksandr Usik agyr agramda absolýut dünýä çempiony ady üçin söweşde britaniýaly Daniel Dýubuany ýeňdi. Londonyň Uembli stadionynda geçen söweş bäşinji raundda nokaut bilen tamamlandy. Usik Bütindünýä...
Alty agram derejesinde öňki dünýä çempiony Menni Pakýao ýakyn wagtda ringe gaýdyp geler. 20-nji iýulda Las-Wegasda (ABŞ) boks agşamy geçiriler we onda 46 ýaşly filippinli boksçy ýarym orta agramda (66,7 kg çenli) WBC titulynyň eýesi, amerika-meksikaly Mario Barrios bilen duşuşar...
20-nji iýula geçilýän gije Londonda (Beýik Britaniýa) ukrainaly Aleksandr Usik (23-0, 14 KO) bilen britaniýaly Daniel Dýubuanyň arasynda iň agyr agram derejesinde (90,7 kg-dan ýokary) dünýä çempiony diýen ada mynasyp bolmak ugrundaky jogap söweşi geçiriler...
Britaniýaly boksçy Taýson Fýuri Instagram-da 2026-njy ýylda ukrainaly Aleksandr Usik bilen üçünji gezek söweşjekdigini aýtdy. Onuň sözlerine görä, söweş 18-nji aprelde Londondaky “Uembli” stadionynda geçiriler...
29-njy iýunda Anahaým şäherinde (Kaliforniýa, ABŞ) professional boks agşamy geçirilip, onuň esasy wakasy ilkinji agyr agram derejedäki 10 raundlyk reýting söweşi boldy. Ringe amerikaly bloger we professional boksçy Jeýk Pol bilen orta agram boýunça WBC-niň öňki dünýä çempiony, meksikaly Hulio Sezar Çawes-kiçi çykdy...
The Ring žurnaly agram derejesine garamazdan (Pound-for-Pound) dünýäniň iň gowy boksçylarynyň täzelenen reýtingini hödürledi. Sanawda birinji orny super agyr agramda dünýä çempiony ukrainaly Aleksandr Usik saklady...
Las-Wegasda (ABŞ) 5-nji maýa geçilen gije professional boks agşamy geçirildi. Agşamyň esasy söweşinde ýaponiýaly Naoýa Inoue amerikaly Ramon Kardenasy tehniki nokaut bilen ýeňdi we yzygider dördünji gezek ikinji ýeňil agramda absolýut çempion adyny gorady...