Ulanyjy ylalaşygy

1) Bir gezek goşulan bildirişi barlagdan geçmänkä gaýtadan goşmak gadagan.

2) Şol bir bildirişi 1 hepde geçmänkä gaýtadan goýmak gadagan.

3) Bildiriş goşanyňyzdan soň, administrator siziň bildirişiňizi 24 sagadyň içinde barlar we eger-de ähli şertlere gabat gelse bildirişiňizi kabul eder.

4) Bildiriş goşanyňyzdan soň, kabul edilmese, doly sebabini bilmek üçin, bildirişi goşan ýeriňizde, içine girip aşakda sebäbini okap bilersiňiz.

5) Administrator bildirişiňizi hiç hili sebäp görkezmän kabul etmän bilýär.

6) Size degişli bolmadyk, başga biriniň harydyny bildiriş hökmünde goýmak ýa-da size degişli däl telefon belgini görkezmek gadagan.

7) Ýazgylarda hapa-paýyş söz ulanmak gadagan.

8) Türkmenistanyň kanunyna garşy gelýän maglumatlaryň programmada çykarylmagyna rugsat berilmeýär.

9) Hiç bir bildirişi/harydy ýerleşdiren ulanyja öňünden bölek ýa-da doly töleg (telefon arkaly we ş.m.) geçiriji bolmaň. Diňe harydy öziňiz görip, hakykylyga göz ýetirip satyn alyň.

10) Ulanyjy öz goýan maglumaty boýunça doly jogapkärçilik çekýär.

Administrasiýa ulanyjylaryň hereketleri, programmada çykarylýan maglumatlaryň mazmuny barada jogapkärçilik çekenok we şu programma arkaly aluw-satuw ylalaşygyny eden ýa-da etjek bolýan taraplaryň hukuk gatnaşyklarynda gatnaşmaýar. Administrasiýa islendik ulanyja programmany ulanmagy gadagan etmek hukugyny özünde saklaýar we ulanyjy tarapyndan teklip edilýän maglumaty hiç hili sebäbini beýan etmän programmada çykarman bilýär. Şu programmany ulanmak şu Şertleri gürrüňsiz kabul edýänliginiň şaýady bolup durýar.
© TMCARS Ulanyjy ylalaşygy
TMCARS tarapyndan döredilen