4.5k+

WBC boks boýunça dünýä çempionlaryna beriljek zynjyr bilen kulony görkezdi

Bütindünýä boks geňeşi (WBC) çempionlyk ýüzüginiň yzy bilen 2026-njy ýylyň WBC dünýä çempionatynyň esasy wakasyna bagyşlanan zynjyr bilen kulony hödürledi. Bu şaý-sepiň dizaýny WBC-niň ýaşyl boks elligi görnüşinde ýerine ýetirildi we ak altyndan ýasalyp, 800-den gowrak daşda ýerleşdirilen umumy agramy 18,9 karat töweregi zümerret we göwher daşlary bilen bezeldi...

7.4k+

Islam Mahaçew dünýäde sambonyň ilçisi boldy

Garyşyk söweş sungaty boýunça russiýaly türgen Islam Mahaçewe «Dünýäde sambonyň ilçisi» diýen hormatly at berildi. Bu barada Halkara sambo federasiýasynyň (FIAS) metbugat gullugy habar berýär. Dabara Moskwada, Lužnikidäki Halkara sambo merkezinde geçirildi...

708

Apple TV-de ýaryş möwsüminiň öňüsyrasynda Formula-1 kanaly açyldy

Formula-1 boýunça dünýä çempionatynyň täze möwsüminiň başlamagyna sanlyja günler galanda, Apple TV platformasynda bu ýaryşlara bagyşlanan aýratyn kanal işe girizildi. Bu täzelik Apple-iň ABŞ-da "Formula-1" ýaryşlaryny görkezmek üçin gol çeken bäş ýyllyk şertnamasynyň we bu sport baradaky täze çykan çeper filmiň uly üstünliginiň netijesidir...

5.7k+

Çempionlar ligasy: «Budýo-Glimt» «Interi» utdy, «Nýukaslyň» hüjümçisi poker etdi

Penşenbä geçýän gije UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň pleý-off (utulan çykdy) tapgyrynyň duşuşyklary geçirildi. «Nýukasl» Bakuda uly hasap bilen ýeňiş gazandy, «Baýer» we «Budýo-Glimt» iki gol aratapawudy bilen üstün çykdylar, «Brýugge» bilen «Atletikonyň» duşuşygy bolsa 6 golly oýunda deňme-deňlik bilen tamamlandy...

7.6k+

Bobsleýçi zenan ýeňşi bilen däl, ýaşy bilen rekord goýdy

ABŞ-ly bobsleýçi Elana Maýers-Teýlor Italiýada geçirilýän 2026-njy ýylyň gyşky Olimpiýa oýunlarynda monobob ýaryşynda ýeňiş gazandy. Ol dört tapgyryň netijesi boýunça, aýgytly pursatda öňe saýlanyp, birinji orny eýeledi...

2.5k+

Aşgabatda «Grassroots Football Day» çagalar futbol festiwaly geçirildi

Türkmenistanyň paýtagtynda «Grassroots Football Day» festiwaly geçirildi. Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň hem-de Aşgabat şäheriniň Bedenterbiýe we sport baradaky baş müdirliginiň guramagynda we «Altyn asyr» futbol klubunyň goldawy bilen geçirilen bu çäre futbol janköýeri bolan 100-den gowrak çagany bir ýere jemledi...

9.8k+

Kim köp gazanýar, Holandmy ýa Mbappe? Transfermarkt hasabyny çykardy

Futbolçylaryň transfer bahasyny bahalandyrmak boýunça ýöriteleşen Transfermarkt portaly Ýewropanyň öňdebaryjy çempionatlarynyň iň köp hak alýan oýunçylarynyň reýtingini hödürledi. Reýtingde birinji orny «Mançester Siti» toparynyň hüjümçisi Erling Holand eýeledi...

5k+

«Inter Maýami» MLS-iň iň gymmat kluby boldy

«Forbes» amerikan žurnaly MLS klublarynyň gymmatlygy boýunça täzelenen sanawyny hödürledi. Sanawyň birinji ornuny bazardaky bahasy 1,35 mlrd dollara ýeten «Inter Maýami» eýeledi. Klubuň meýdançadan daşary täjirçilik üstünliklerine Lionel Messiniň topara goşulmagy uly täsir etdi...

5.1k+

Türkmenistanda sportuň üç görnüşi boýunça Talyp ligalaryna badalga berildi

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda futzal, basketbol we woleýbol boýunça ýurduň Talyp ligalarynyň açylyş dabarasy boldy. Ýaryşlar Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan bilelikde tassyklanan 2026-njy ýyl üçin köpçülikleýin sport we medeni çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda geçirilýär...

1.8k+

Igor Tudor möwsümiň ahyryna çenli "Tottenhemiň" baş tälimçisi boldy

Londonyň "Tottenhem" futbol kluby horwatiýaly hünärmen Igor Tudoryň baş tälimçi wezipesine bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Bu baradaky habar "şporalaryň" resmi sahypasynda çap edildi. 47 ýaşly hünärmen topary şu möwsümiň ahyryna çenli türgenleşdirer...

7k+

«Real» UEFA bilen ylalaşyk gazanyp, Superligadan çykdy

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigi (UEFA) we Ýewropa klublarynyň assosiasiýasy (ECA) bilen Superliga taslamasyna gatnaşmak bilen baglylykda ylalaşyk gazanandygyny habar berdi. «Ýewropa...

2.1k+

Tomas Tuhel 2028-nji ýyla çenli Angliýanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi bolup galar

Germaniýaly hünärmen Tomas Tuhel Angliýanyň milli ýygyndysy bilen şertnamasyny uzaltdy. Ol 2028-nji ýyla çenli toparyň baş tälimçisi wezipesinde galar. «Biz saýlap alan ýolumyza wepaly. Täze şertnama gol çekilenden soň, Tomas Tuhel 2028-nji ýyla çenli biziň “üç ýolbars” toparymyza ýolbaşçylyk eder» – diýip, Angliýanyň milli ýygyndysynyň metbugat gullugy X sosial ulgamynda habar berdi...

27k+

«Al-Nasr» bir gol tapawut bilen «Arkadag» futbol toparyndan üstün çykdy

AFK-nyň Çempionlar ligasy-2-niň 1/8 finaly tapgyrynyň çäginde geçirilen duşuşykda Türkmenistanyň çempiony «Arkadag» futbol topary Aşgabatda Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» klubuny kabul etdi. Paýtagtyň Olimpiýa stadionynda geçirilen oýun 0:1 hasabynda myhmanlaryň ýeňşi bilen tamamlandy...

5.2k+

«Tottenhem» Tomas Franky baş tälimçi wezipesinden boşatdy

Londonyň «Tottenhem» futbol kluby Tomas Franky baş tälimçi wezipesinden boşatmak barada karar kabul etdi. Bu hakda toparyň metbugat gullugy habar berdi. Daniýaly hünärmen «Tottenheme» 2025-nji ýylyň iýun aýynda gelipdi...

7.1k+

9 ýaşly polşaly oglanjyk Rubigiň kubigini 2 sekuntda ýygnady

2,766 sekunt — Polşanyň Gdansk şäherinde geçirilen Gdansk Speedcubing League ýaryşynda dokuz ýaşly Teodor Zaýdere Rubigiň kubigini tiz ýygnamak boýunça täze dünýä rekordyny goýmak üçin bary-ýogy şujagaz wagt gerek boldy...

5.6k+

«Barselonanyň» prezidenti Žoan Laporta wezipesinden çekildi

«Barselonanyň» häzirki prezidenti Žoan Laporta we müdirler geňeşiniň birnäçe agzasy 15-nji martda geçiriljek saýlawlara öz dalaşgärliklerini hödürlemek üçin wezipelerinden çekildi. Bu barada klubuň resmi saýtynda habar berilýär...

21k+

«Arkadag» – «Al-Nasr» oýny dünýäniň 168 ýurdunda görkeziler

Şu gün Aşgabat şäheriniň Olimpiýa şäherçesiniň Halkara ýaýlym merkezinde «“Arkadag” futbol kluby – türkmen futbolynyň geljegi we buýsanjy» atly media-forum öz işine başlady. Çärä Türkmenistandan we daşary ýurtlardan abraýly sport hünärmenleri, žurnalistler we hormatly myhmanlar gatnaşýar...

8k+

Aşgabatda «Arkadag» — «Al-Nasr» duşuşygynda VAR ulgamy ulanylar

AFK-nyň Çempionlar ligasy 2-niň 1/8 finalynyň çäginde Türkmenistanyň «Arkadag» we Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» toparlarynyň arasynda geçiriljek oýunda Eminiň wideo kömekçisi (VAR) ulgamy peýdalanylar. Bu tehnologiýanyň Aşgabatda ulanylmagy, kabul ediji tarapyň duşuşygy halkara talaplaryna laýyklykda ýokary derejede geçirmäge doly taýýardygyny tassyklaýar...

12k+

Ýaş türgenler «Arkadag»–«Al-Nasr» oýnundan öň Olimpiýa stadionyna baryp gördüler

Aşgabat şäheriniň Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebiniň okuwçylary paýtagtyň Olimpiýa şäherçesine baryp görmek we onuň mümkinçilikleri bilen tanyşmak baradaky haýyş bilen Gahryman Arkadaga ýüz tutdular. Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow milli sporty ösdürmegi maksat edinýän ýaşlaryň haýyşlaryny kanagatlandyrdy...

15k+

Messi «Barselonanyň» derwezesine gol geçirdi

8-nji fewralda Lionel Messi «Inter Maýami» bilen «Barselonanyň» arasynda geçirilen duşuşykda özüniň ajaýyp oýnuny görkezdi. Ol öz hasabyna bir gol we bir assist ýazdy. Champions Tour — 2026-nyň çäklerinde geçirilen «Inter Maýami» bilen Ekwadoryň «Barselonasynyň» arasyndaky ýoldaşlyk oýny 2:2 hasabynda tamamlandy...

8.7k+

«Barselona» dört ýyldan soň Superligadan çykyp, «Realy» ýeke galdyrdy

«Barselona» futbol kluby Ýewropanyň Superligasy taslamasyndan çykýandygyny resmi taýdan yglan etdi. Bu çözgütden soň, Madridiň «Realy» taslama gatnaşmagyny resmi dowam etdirýän ýeke-täk klub bolup galdy. Superliganyň döredilýändigi barada 2021-nji ýylyň ýazynda yglan edilipdi...