“Napoli” Hellouine bagyşlap, skelet we zulmat tokaý bilen eşik toplumyny çykardy

  • 20.10.2025 17:15
  • 2.9k+

“Napoli” EA7 bilen bilelikde Hellouine bagyşlap, 2025/2026 möwsümi üçin eşik toplumyny hödürledi. Bu köýnekçeler çäkli nusgada çykarylar we özboluşly stil bilen bezeler.

Klub öz resmi saýtynda dizaýnyň mazmunyny düşündirdi.

“Dizaýnyň merkezinde diriler bilen merhumlaryň arasyndaky baky baglanyşygy alamatlandyrýan skelet bolup, ol Neapoldaky atsyz ruhlary hatyralamak we olar barada ýatlamalary saklamak däp-dessuryny görkezýär. Şeýlelikde, skelet merhumlary hatyralamagyň ýerli däp-dessury bilen bütin dünýäde giňden ýaýran we Neapolyň ruhunda aýratynlyklara eýe bolan häzirki Hellouiniň arasynda baglanyşdyryjy elemente öwrülýär. Gapdallarda we yzda ýarganatlar bilen zulmat tokaý şekillendirilen. Ol şäheriň mistiki ruhy bilen sazlaşykly utgaşýan gotiki atmosferany döredýär” – diýlip, beýanda aýdylýar. 


06.06.2026 10:24
5.6k+

Iraola resmi taýdan «Liwerpulyň» baş tälimçisi boldy, ýöne şertnamanyň möhleti aýdylmady

«Liwerpul» futbol kluby 43 ýaşly ispan hünärmeni Andoni Iraolanyň toparyň baş tälimçisi wezipesine bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Şol bir wagtda, mersisaýdlylar täze halypa bilen baglaşylan......

06.06.2026 08:15
4.2k+

Dewid Bekhem Holliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ýyldyz alar

Futbol boýunça Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Golliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ady ýazylan ýyldyza eýe bolar. Bu barada Holliwudyň Söwda palatasy habar berdi....

05.06.2026 15:52
9.6k+

Transfermarkt: Abdukodir Husanow Aziýanyň iň gymmat futbolçysy

«Mançester Siti» toparynyň we Özbegistanyň milli ýygyndysynyň goragçysy Abdukodir Husanow Transfermarkt internet portalynyň täze maglumatlaryna görä, Aziýanyň iň gymmat bahaly futbolçysyna öwrüldi. Portal......

04.06.2026 23:46
5.7k+

Barselona kazyýeti Žoan Laporta garşy gozgalan işi ýapdy: ähli aýyplamalar aýryldy

Barselonanyň sebit kazyýeti «Barselona» futbol klubunyň prezidenti Žoan Laporta garşy «Core Store» we «CSSB Limited» kompaniýalarynyň taslamalaryna maýa goýumlary bilen baglanyşykly galplyk aýyplamalary......