Floridada köçelere ilkinji gezek awtonom polisiýa awtomobili gözegçilik edip başlady

  • 08.10.2025 07:10
  • 6.6k+

Maýami-Deýd okrugynyň (Florida ştaty, ABŞ) köçelerine ilkinji awtonom polisiýa awtomobili çykdy. Policing Lab we şerifiň ofisi bilen bilelikde durmuşa geçirilen taslama Police Unmanned Ground Patrol Partner (PUG) adyny aldy. Bu ýurtda sürüjisiz hereket edýän ilkinji patrul SUV ulagy boldy.

Awtomobil üçin esas hökmünde Ford Police Interceptor Utility ulagy alyndy. Ulag Perrone Robotics-den awtonom dolandyryş ulgamy, datçikler toplumy, ýylylyk görüji, töwerekleýin syn ediş kameralary, belgileri tanamak ulgamy we hatda howadan gözegçilik etmek üçin dron bilen üpjün edildi.
Işläp düzüjileriň pikiri boýunça, PUG jenaýatyň ýokary bolan ýerlerinde patrullyk eder, düzgün bozmalary hasaba alar we köçelerde howpsuzlygy ýokarlandyrar. Emeli aň gündelik işleri ýerine ýetirmek bilen, polisiýa işgärlerini çylşyrymly analitiki işler üçin boşadar.
Birinji tapgyrda awtomobil synag režiminde işläp, jemgyýetçilik çärelerine gatnaşar we ýaşaýjylaryň pikirini ýygnar. Hünärmenler geljekde şeýle awtonom ulaglaryň ABŞ-da polisiýa gullugynyň adaty bölegine öwrülip biljekdigini belleýär. 


09.05.2026 11:01
5.4k+

ABŞ uçýan näbelli obýektler (UNO) baradaky resminamalaryň gizlinligini aýryp başlady

Pentagon näbelli anomal hadysalara degişli faýllary çap edip başlady....

04.05.2026 20:49
7.5k+

Science Advances: Nýu-Ýorkdaky binalaryň tas ýarysyny suw basyp biler

ABŞ-nyň Alabama uniwersitetiniň alymlary ýurduň gündogar kenaryndaky şäherler üçin suw joşgunynyň bolmak töwekgelçiligine baha berdi we barlaglaryň netijelerini «Science Advances» žurnalynda çap etdi....

01.05.2026 12:18
7.2k+

ABŞ-ly genetikler derman öndürmek üçin towuk ýumurtgalaryny «programmirlemegi» öwrendiler

Missuri uniwersitetiniň alymlary towuk ýumurtgalarynyň lukmançylyk zerurlyklary üçin dermanlyk beloklaryny durnukly öndürmegine mümkinçilik berýän usuly işläp düzdüler....

21.04.2026 16:43
2.7k+

«Ylmy Oskar»: Körlüge garşy gen terapiýasyny döredijiler $3 mln möçberinde baýraga mynasyp boldy

Molekulýar biolog Jin Bennet, oftalmolog Albert Maguaýr we lukman, professor Ketrin Haý nesilden-nesle geçýän körlügi bejermekde ulanylýan we ABŞ-da ilkinji tassyklanan gen terapiýasyny işläp düzendikleri......