“Bawariýanyň” öňki goragçysy Rafinýa karýerasyny tamamlady

  • 22.07.2025 19:31
  • 7.1k+

Braziliýanyň milli ýygyndysynyň we Mýunheniň “Bawariýasynyň” öňki goragçysy Rafinýa professional karýerasyny tamamlandygyny yglan etdi. 39 ýaşly futbolçy bu barada ESPN bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

“Men hünärmen futbolçy karýeramy tamamlaýandygymy resmi taýdan yglan edýärin. Bu ozaldan meýilleşdirilen ädimdi, ýöne men barybir gama batýaryn. Bu durmuşymda aýratyn pursat. Hemişe durmuşyňa öwrülen işiň bilen aýrylyşmak pursatyny yza çekesiň gelýär, ýöne men futbolda ähli arzuwlarymy hasyl etdim” – diýip, Rafinýa aýtdy.

Rafinýa “Bawariýanyň” düzüminde ýedi gezek Germaniýanyň çempiony boldy, üç gezek Germaniýanyň Kubogyny we Superkubogyny utdy, bir gezek Çempionlar ligasynda, UEFA-nyň Superkubogynda we Klublaýyn dünýä çempionatynda ýeňiş gazandy. Braziliýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde 2008-nji ýylyň Olimpiýa oýunlarynyň bürünç baýragynyň eýesi boldy.
2019-njy ýylda futbolçy Braziliýanyň “Flamengo” klubuna geçip, onuň bilen Libertadores kubogynyň eýesi boldy. Ýene bir ýyldan grek “Olimpiakosyna” geçdi, 2021-nji ýylda bolsa Braziliýa gaýdyp gelip, “Gremioda”, “San-Pauluda” we “Kuritibuda” oýnady. Soňkusy onuň karýerasynda ahyrky nokat boldy.


şu gün 10:24
1.6k+

Iraola resmi taýdan «Liwerpulyň» baş tälimçisi boldy, ýöne şertnamanyň möhleti aýdylmady

«Liwerpul» futbol kluby 43 ýaşly ispan hünärmeni Andoni Iraolanyň toparyň baş tälimçisi wezipesine bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Şol bir wagtda, mersisaýdlylar täze halypa bilen baglaşylan......

şu gün 08:15
1.7k+

Dewid Bekhem Holliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ýyldyz alar

Futbol boýunça Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Golliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ady ýazylan ýyldyza eýe bolar. Bu barada Holliwudyň Söwda palatasy habar berdi....

düýn 15:52
7.3k+

Transfermarkt: Abdukodir Husanow Aziýanyň iň gymmat futbolçysy

«Mançester Siti» toparynyň we Özbegistanyň milli ýygyndysynyň goragçysy Abdukodir Husanow Transfermarkt internet portalynyň täze maglumatlaryna görä, Aziýanyň iň gymmat bahaly futbolçysyna öwrüldi. Portal......

04.06.2026 23:46
4.9k+

Barselona kazyýeti Žoan Laporta garşy gozgalan işi ýapdy: ähli aýyplamalar aýryldy

Barselonanyň sebit kazyýeti «Barselona» futbol klubunyň prezidenti Žoan Laporta garşy «Core Store» we «CSSB Limited» kompaniýalarynyň taslamalaryna maýa goýumlary bilen baglanyşykly galplyk aýyplamalary......