xAI we X Atlantada EA ösüşi üçin 700 mln dollarlyk kuwwatly maglumat merkezini gurar

  • 24.02.2025 22:57
  • 2.9k+

Ilon Maskyň ýolbaşçylyk edýän xAI we X kompaniýalary Atlantada kuwwatly maglumat merkezini gurmak üçin 700 mln dollar maýa goýýar. Bu Develop Fulton ykdysady ösüş agentliginiň resminamalaryndan gelip çykýar diýip, IXBT habar berýär.

Maglumat merkezinde 12 448 sany Nvidia grafiki prosessory, esasan, Hopper H100 çipleri oturdylar. Bu GPU-laryň bahasy sekiz prosessordan ybarat sütün üçin 277 müň dollardan 500 müň dollara ýetýär. Şeýle-de, kuwwaty sähel pes bolan A100 modellerinden 3% ulanylar. Olaryň bahasy her sütün üçin 147 müň dollara barabar.
X 442 mln dollar, xAI 258 mln dollar maýa goýar. Munuň üçin olar 10 ýyl üçin 10 mln dollar salgyt ýeňilliklerini alar. Taslamanyň ykdysady netijeliligi 241 mln dollar diýlip hasaplanýar. Maglumat merkezi 20 megawatt energiýa sarp edýär.
Merkez EA modellerini we X önümlerini okatmak üçin ulanylar. Häzir sebitde X-den 16 işgär we xAI-den üç adam işleýär, merkezde 24 iş orny göz öňünde tutulýar. Bu Maskyň OpenAI we Google bilen bäsdeşlikde täze ädimidir.
Ýakynda xAI täzelenen Grok çat-botuny döretdi we ol, Maskyň aýtmagyna görä, öňki wersiýalardan 10 esse kuwwatly.


31.05.2026 18:06
2.1k+

NYT: Anthropic dünýäniň iň gymmat emeli aň startapy boldy

Anthropic kompaniýasy bazar bahasy boýunça özüniň iň esasy bäsdeşi bolan OpenAI kompaniýasyny yzda galdyryp, dünýäniň emeli aň maksatly iň gymmat startapyna öwrüldi. Bu barada Amerikanyň meşhur The New York......

20.05.2026 15:31
998

Intel Formula-1-de McLaren-yň hasaplaýyş serişdeleri boýunça hyzmatdaşy boldy

Intel korporasiýasy we McLaren Racing topary strategik hyzmatdaşlygyň başlanýandygyny yglan etdiler, onuň çäginde amerikan kompaniýasy Formula-1 toparynyň hasaplaýyş hyzmatdaşy bolar....

15.05.2026 10:46
1.8k+

Alibabanyň peýdasy 84% peselse-de,emeli aňa goýlan maýa goýumlaryň miweleri «düwüp» başlady

Hytaýyň tehnologiýa ägirdi Alibaba geçen ýyl bilen deňeşdireniňde, kompaniýanyň arassa peýdasynyň 84% aşak düşüp, 5,1 milliard ýuana (750,9 million dollar) çenli azalandygyny mälim etdi. Emma muňa garamazdan,......

11.05.2026 18:18
1.2k+

Alibaba haryt gözlegini emeli aň bilen gürrüňdeşlige öwürýär

Alibaba kompaniýasy özüniň «Taobao» we «Tmall» elektron söwda platformalaryny täzelemäge taýýarlanýar. Kompaniýa haryt saýlamak we satyn almak işini gürrüňdeşlik arkaly amala aşyrmak üçin Qwen atly emeli aň......