Android enjamlary AI ulanyp zyýanly programmalary kesgitläp başlarlar

  • 18.11.2024 22:06
  • 2.4k+

Google öz blogunda Android enjamlary üçin täze howpsuzlyk funksiýalary barada gürrüň berdi. Live Threat Detection ulgamy emeli aňyň kömegi bilen hakyky wagtda programmalaryň işjeňligini barlap, olaryň zyýanlylaryny ýüze çykarýar.

Tehnologiýa, işjeňligini gizleýän ýa-da barlanýan wagty bilkastlaýyn işlemeýän programmalary kesgitläp biler. Bu tehnologiýanyň ilkinji funksiýasy ulanyjy bilmezden oňa gözegçilik edýän we şahsy maglumatlaryny ýygnaýan programma üpjünçiligini tapmaga gönükdiriler.
Live Threat Detection eýýäm Google Pixel 6 we ondan soňky modeller üçin elýeterlidir. Ýakyn aýlarda bu funksiýa Android-de işleýän beýleki enjamlar üçin hem elýeterli bolar.


düýn 19:53
1.4k+

Gazagystanda emeli aň sebäpli 400 müň iş orny gysgaldylar

Gazagystanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň birinji wise-ministri Ýerbol Tuýakbaýewiň senatda geçiren brifinginde beren beýanaty boýunça, ýurtda geljek 10 ýylyň içinde emeli aňyň......

13.05.2026 15:09
4.3k+

Angilýa adasy .ai domeni arkaly onlarça million dollar gazanýar

Karib deňzindäki Angilýa adasy emeli aňyň dünýä derejesindäki meşhurlygynyň artmagy bilen býujet girdejileriniň birden köpelmegini hasaba aldy. Muňa garamazdan, adanyň özi tehnologik merkez hasaplanmaýar: bu......

12.05.2026 18:27
1.6k+

Anthropiс dürli din wekilleri bilen emeli aňyň ahlagy hakda maslahatlaşdy

Anthropic kompaniýasy özüniň Claude çat-botuny ösdürmekde ulanylyp bilinjek ahlak ýörelgeleri ara alyp maslahatlaşmak üçin dünýäniň dürli din wekilleri bilen birnäçe duşuşyk geçirdi....

08.05.2026 11:11
3.4k+

Iri neşirýatlar kitap ogrusy hökmünde Mark Sukerbergi kazyýete berdiler

Dünýäniň iň uly bäş neşirýaty (Elsevier, Cengage, Hachette, Macmillan we McGraw Hill) we tanymal ýazyjy Skott Turou Meta-ny kazyýete berdi. Olar Mark Sukerbergi we onuň kompaniýasyny «Llama» atly emeli......