Туркменистан согласовывает с ITF план развития тенниса до 2028 года

  • 23.10.2024 06:59
  • 1.7k+

Türkmenistan Halkara tennis federasiýasy (ITF) bilen ýurdumyzda sportuň bu görnüşini 2028-nji ýyla çenli ösdürmek meýilnamasyna gol çeker. Degişli ylalaşyk Gonkongda Halkara tennis federasiýasynyň Baş assambleýasynyň çäklerinde geçirilen gepleşiklerde Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň başlygy Eziz Döwletow bilen ITF-iň baştutany Dewid Haggertiniň arasynda gazanyldy.

Türkmenistanyň Tennis federasiýasynda (TTF) habar berlişi ýaly, gol çekmäge taýýarlanylýan resminama 213 milli tennis guramasyny birleşdirýän iň iri abraýly halkara sport guramasy bilen hyzmatdaşlygy berkitmäge gönükdirilendir.
Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň mart aýynda Halkara tennis federasiýasynyň (ITF) başlygy Dewid Haggerti Aziýa tennis federasiýasynyň (ATF) başlygy Ýuriý Polskiý bilen Türkmenistana ilkinji gezek geldi. Iki günlük saparyň dowamynda myhmanlary Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow kabul etdi. Duşuşykda ITF-iň we ATF-iň sporty höweslendirmek we goldamak, jemgyýetde sagdyn we işjeň durmuş ýörelgelerini döretmek meselesine aýratyn üns berilýän Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigi beýan edildi.
Ýurdumyzda bu ugurda uly üstünlik gazanylandygyny belläp, jenap Dewid Haggerti döwlet Baştutanyna Türkmenistanda tennisiň ösmegine goşan goşandy üçin ITF-iň şahadatnamasyny gowşurdy.
Gonkongda geçirilen gepleşiklerde TTF-iň we ITF-iň ýolbaşçylary 2025-nji ýylda tälimçiler üçin okuw maslahatyny geçirmek, şeýle hem maýyplar üçin tennis sportuny ösdürmek ýaly bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin Aşgabat şäherindäki «Tennis boýunça Aziýa sebitiniň okuw-türgenleşik merkezinden» peýdalanmak mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşdylar. Milli ýygyndy toparyň agzalary türkmen tennisçileriniň taýýarlyk derejesini ýokarlandyrmak üçin daşary ýurtly hünärmeni çagyrmak meselesi gozgaldy.
Duşuşygyň ahyrynda ITF-iň başlygy 17–25-nji noýabry aralygynda Bahreýniň Isa-Taun şäherinde geçiriljek Dewisiň Kubogy ugrunda ýaryşda türkmen toparyna üstünlik arzuw etdi diýip, "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri habar berýär.


22.06.2026 17:52
5.2k+

Дзюдоистка Майса Пардаева взяла бронзу турнира Большого шлема в Улан-Баторе

Туркменская дзюдоистка Майса Пардаева завоевала бронзовую медаль в весовой категории до 57 килограммов на турнире Большого шлема в Улан-Баторе, который стал первым этапом квалификации к Олимпийским играм 2028......

18.06.2026 14:40
4.5k+

Начало пути в Лос-Анджелес-2028: 16 туркменских дзюдоистов отправились в Улан-Батор

С 19 по 21 июня в Улан-Баторе (Монголия) пройдет престижный турнир Большого шлема по дзюдо. Как сообщается на официальном сайте Международной федерации дзюдо (IJF) в соревнованиях примут участие 454 атлета из......

18.06.2026 10:24
1.2k+

В честь теннисиста Янника Синнера назвали астероид

Международный астрономический союз присвоил имя итальянского теннисиста Янника Синнера астероиду главного пояса, расположенному между Марсом и Юпитером....

17.06.2026 13:03
17k+

Экс-капитан сборной Туркменистана назвал фаворитов ЧМ и рассказал, кого поддержит сам

Один из самых ярких и узнаваемых футболистов региона, бывший капитан национальной сборной Туркменистана Арсланмурад Аманов поделился своими мыслями о чемпионате мира 2026 года. В беседе с корреспондентом......