TÜRKSOÝ-da Magtymguly Pyragy temasy boýunça düzme bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi

  • 06.10.2024 12:17
  • 4.9k+

TÜRKSOÝ guramasy "Akyldar hem şahyr Magtymguly Pyragy" temasy boýunça düzme bäsleşiginiň netijelerini yglan etdi. Bäsleşik Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Türkmenistanyň, Türkiýäniň we Özbegistanyň mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirildi.

Bäsleşige gatnaşyjylar işlerinde Magtymgulynyň döredijiliginiň ähmiýeti we türki dilli halklar üçin mirasynyň möhümligi barada beýan etdiler.
Bäsleşigiň netijeleri boýunça her ýurtdan üç sany ýeňiji saýlandy. Türkmenistandan Gülendam Rahymowa, Mährijemal Begjanowa we Tumar Aşyrowa ýeňiji boldy.
Ýeňijilere diplomlar we sowgatlar gowşurylar, baş baýrak bolsa Türkmenistana guraljak sapar bolar. Baýrak gowşurmak dabarasy "Änew - türki dünýäsiniň medeni paýtagty 2024" ýylynyň jemlemesiniň çäklerinde oktýabr aýynyň ahyrynda geçiriler.
Bäsleşigiň guramaçylary bolup, TÜRKSOÝ we Türki döwletleriň Bilim ministrlikleri çykyş edýärler. Bäsleşik 2024-nji ýylyň 15-nji martynda yglan edilip, türkmen şahyrynyň 300 ýyllygyna bagyşlandy diýip, "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri habar berýär.


şu gün 10:07
1.3k+

Türkmenistanda tebigatçylar üçin iki günlük ekologiýa çäresi guraldy

Türkmenistanda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli «Ýaşyl geljek üçin hyzmatdaşlyk» atly iki günlük ekologiýa çäresi geçirildi. Bu çäräni Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli......

düýn 14:40
1.9k+

Aşgabatda konsertler we sergi bilen Azerbaýjanyň medeniýet günleri geçirilýär

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy....

düýn 11:47
7.6k+

Dubaý we Abu-Dabi şäherlerine gatnawlar iýunyň ortasyna çenli ýatyrylýar

Eýran Yslam Respublikasynyň howa giňişligine girizilen çäklendirmeleri nazara alyp, uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen «Türkmenistan» awiakompaniýasy AGPJ tarapyndan ýerine ýetirilýän Aşgabat —......

03.06.2026 18:04
2.3k+

A.S.Puşkin adyndaky teatr Russiýada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Paýtagtymyzdaky A.S.Puşkin adyndaky rus döwlet drama teatry 2026-njy ýylyň 22-nji we 31-nji maýy aralygynda geçirilen «Melihowo bahary» atly XXVI halkara teatr festiwalyna gatnaşdy....