Туркменские музыканты стали призерами международного фестиваля в Узбекистане

  • 03.09.2024 13:48
  • 12k+

Samarkantda «Şark taronalari» («Gündogar mukamlary») atly XIII Halkara festiwaly dabaraly tamamlandy. Onda Türkmenistanyň milli aýdym-saz topary birinji orny eýeledi diýip, "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri habar berýär.

Toparyň düzüminde ajaýyp sungat ussatlary toparyň aýdymçysy, Türkmenistanyň halk artisti Suhan Orazberdiýew, Türkmenistanyň halk artisti, depçi Hakberdi Allamyradow, dutarçy Döwlet Daňatarow, şeýle hem Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň wekilleri Saparmyrat Amanmyradow (gyjak) we Allamyrat Muhammetgulyýew (gargy tüýdük) çykyş etdiler. 
Guramaçylar ýeňijileri sylaglap, olara diplomlary, özboluşly mazmunly heýkeljik hem-de pul baýragyny gowşurdylar.
Festiwalyň Baş baýragyna Azerbaýjanyň «Semurg» topary mynasyp boldy. Hormat münberiniň ikinji basgançagyny zehinli toparlaryň ikisi: Gazagystandan «Atameken» we Özbegistandan «Makom Bend» eýelediler. Üçünji orny Ýaponiýanyň, Mongoliýanyň we Russiýanyň wekilleri paýlaşdylar. 
Festiwalyň çäklerinde «Gündogar halklarynyň saz medeniýeti: ählumumylaşma işlerinde döredijilik taýdan ýakynlaşmagyň ýörelgeleri» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Oňa halkara ylmy-barlag institutlaryň hem-de döredijilik merkezleriň saz öwrenijileri, folklorçylary, medeniýeti öwrenijileri, ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Türkmen saz sungatyna degişli tema bilen Türkmenistanyň at gazanan artisti, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň halk saz gurallary kafedrasynyň müdiri Omar Igamow çykyş etdi. 
«Şark taronalari» halkara festiwaly ÝUNESKO-nyň howandarlygynda 1997-nji ýyldan bäri geçirilýär. 


вчера 00:03
3k+

В Туркменистане впервые издали учебник информатики для детей с нарушением зрения

Туркменская государственная издательская служба впервые выпустила учебник «Основы информатики» для учащихся первых классов отделений для слепых и слабовидящих детей реабилитационно-образовательных комплексов......

27.06.2026 19:31
1.8k+

Неделя культуры – 2027 пройдет в Дашогузском велаяте

В 2027 году Неделя культуры пройдет в Дашогузском велаяте с 22 по 27 июня 2027 года. Соответствующее постановление подписал президент Туркменистана Сердар Бердымухамедов. Документом также предусмотрено......

25.06.2026 10:21
4.6k+

В Узбекистане ИИ будет находить и решать проблемы граждан

В Узбекистане для выявления наиболее актуальных проблем в махаллях и оперативного принятия мер по их решению будет внедрена система на базе искусственного интеллекта. Соответствующие предложения были......

19.06.2026 10:10
3.6k+

Ювелир Говхер Нурыева завоевала Кубок международного фестиваля в Бухаре

Туркменский ювелир, член Союза художников Туркменистана Говхер Нурыева заняла третье место на III Международном фестивале золотошвейного и ювелирного дела. Мероприятие прошло в Бухаре (Узбекистан) еще 15-17......