“Barselonanyň” öňki kapitany Serhi Roberto karýerasyny Fabregasyň elinde dowam etdirer

  • 25.08.2024 09:50
  • 9.2k+

“Barselonanyň” öňki kapitany Serhi Roberto Italiýanyň “Komo” klubuna geçdi. 32 ýaşly ýarymgoragçy onuň “Barselona” boýunça öňki klubdaşy Sesk Fabregasyň ýolbaşçylygyndaky topar bilen ikiýyllyk şertnama baglaşdy. Bu barada klubuň X sosial ulgamyndaky sahypasynda habar berilýär.

Roberto 11-nji awgustda “Barselonadan” erkin agent hökmünde gidýändigini mälim etdi. Öň, oňa “Aýaksyň” we “Fiorentinanyň” gyzyklanma bildirýändigi habar berlipdi.
Roberto karýerasynyň dowamynda “Barselonanyň” düzüminde 373 oýna gatnaşyp, 19 gol geçirdi. Topar bilen ýedi gezek Ispaniýanyň çempiony, alty gezek Ispaniýanyň Kubogynyň eýesi we iki gezek Çempionlar ligasynyň ýeňijisi boldy. Şeýle-de, ol UEFA-nyň Superkubogyny we Klublaýyn dünýä çempionatyny utdy.


şu gün 13:51
2k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

düýn 14:33
11k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9.1k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
7.9k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......