Messi DÇ-2026-nyň saýlama oýunlary üçin Argentinanyň milli ýygyndysyna çagyrylmady

  • 21.08.2024 14:01
  • 16k+

“Inter Maýami” amerikan klubunyň hüjümçisi we kapitany Lionel Messi 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň ýakynda geçiriljek saýlama oýunlary üçin Argentinanyň milli ýygyndysynyň düzümine girmedi. Çilä we Kolumbiýa garşy oýunlar 6-njy we 10-njy sentýabrda geçiriler.

Argentinanyň Futbol assosiasiýasynyň resmi saýty baş tälimçi Lionel Skaloni tarapyndan çagyrylan 28 oýunçydan ybarat sanawda 37 ýaşly futbolçynyň ýokdugyny tassyklady.
Milli ýygyndynyň düzüminde Messiniň ýoklugy, aýratynam, onuň halkara derejesindäki üstünlikli çykyşlaryndan soň ünsi çekdi. 2024-nji ýylyň Amerikanyň Kubogyndaky ýeňşinden soň, futbolçy milli topardaky karýerasyny tamamlap biljekdigine yşarat etdi.
Messi Argentinanyň milli ýygyndysynyň düzüminde 2022-nji ýylda dünýä Kubogyny, 2021-nji we 2024-nji ýyllarda Amerikanyň Kubogyny, şeýle-de 2008-nji ýylda Pekindäki Oýunlarda Olimpiýa altyn medalyny utdy. 
Skaloniniň Messini oýunçylar sanawyna goşmazlyk çözgüdi Argentinanyň milli ýygyndysy üçin täze tapgyryň başlanýandygyny görkezip biler.


düýn 14:15
9.3k+

Dünýä çempionaty – 2026-nyň 12-nji güni: Messi – çempionatyň iň gowy bombardiri, 4 oýunçynyň birbada dubly

2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji duşuşyklary dowam edýär. Ýaryşyň 12-nji gününde dört futbolçy – Lionel Messi, Kilian Mbappe, Erling Holand we Ismaila Sarr dubl......

22.06.2026 15:58
12k+

DÇ-2026: üçünji orny alan toparlardan haýsysy 1/16 finala çykar? Geliň, düşünişeliň!

2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda ilkinji gezek 48 ýygyndy çykyş edýär. Ýaryşyň giňeldilen tertibi sebäpli, pleý-off tapgyryna (1/16 finala) 32 topar çykar. Indiki tapgyra gatnaşmak hukugyny 12 toparçanyň......

22.06.2026 13:42
5.7k+

DÇ-2026: Ýamalyň we Kabo-Werdäniň ilkinji gollary, Belgiýa ýene-de utuk ýitirýär

​Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji böleginiň duşuşyklary dowam edýär. Bu tapgyr eýýäm bäsleşik başlamanka hünärmenleriň çaklamalarynyň diňe çaklama bolup......

21.06.2026 15:42
8.4k+

DÇ-2026: Germaniýa pleý-offda, Kýurasaonyň taryhy utugy we Tunisiň ýaryşdan çykmagy

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary dowam edýär. Gyzykly we barlyşyksyz göreşe baý bolan oýunlar eýýäm ýaryşyň ilkinji ýeňijilerini we ýeňiji......